Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Syýasy synçy Soloweý birnäçe sagatlap sorag edilenden soň öýüne goýberildi


 Waleriý Soloweý
Waleriý Soloweý

Meşhur rus syýasy analitigi we kreml tankytçysy Waleriý Soloweý Moskwadaky kwartirasynda gözleg geçirilenden soň soraga çekilip, birnäçe sagatdan soň öýüne goýberildi.

Soloweýiň aklawçysy rus hökümetini we prezident Wladimir Putini tankytlaýan 61 ýaşly synçynyň ogly bilen bilelikde, Derňew komitetinde birnäçe sagatlap sorag edilenden soň, 16-njy fewralda tussaglykdan boşadylandygyny aýtdy.

Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki RT teleýaýlymy we Znak.com habarlar web sahypasy çeşmelere salgylanyp, bu iki adamyň anyklaşdyrylmadyk, ýigrenjiň we bidüzgünçiligiň öjükdirilmegi diýilýän derňew işiniň çäginde saklanandygyny habar berdi.

Habarlarda olaryň kompýuterleriniň we beýleki elektron enjamlarynyň konfiskasiýa edilendigi bellenýär.

Aklawçynyň maglumatyna görä, Soloweý we onuň ogly häzirki wagtda ýigrenji öjükdirmek boýunça geçirilýän derňewde şaýat hökmünde görkezme bermeli edildi.

Moskwa polisiýasy Soloweýiň ýegeni Fýodor Soloweýiň hem öýüni dökdi. Ol hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň öz kompýuterlerini we ukrain dilinde ýazylan kitaplaryny konfiskasiýa edendigini aýtdy.

Ol 2019-njy ýyla çenli Moskwa Döwlet Halkara gatnaşyklary institutynda (MGIMO) mugallym bolup işleýärdi we belli bolmadyk syýasy sebäpler esasynda işden çykdy.

XS
SM
MD
LG