Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” Merkezi Aziýa bilen serhetde goşun ýerleşdirýär. Goňşular alada galýarlar


Talyplar Badgis welaýatynda dört sany täze harby bölüm döretdiler.
Talyplar Badgis welaýatynda dört sany täze harby bölüm döretdiler.

Talybanyň” Goranmak ministrligi Owganystanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen serhetleşýän demirgazyk we günbatar böleginde, azyndan bäş sany täze harby bölümiň ýerleşdirilendigini habar berdi. "Talybanyň" wekili bu ädimiň howpsuzlygy berkitmek we sebitdäki durgunlygy ýokarlandyrmak maksady bilen edilýändigini aýdýar, ýöne muňa hemmeleriň ynamy ýok.

“Talybanyň” Goranmak ministrligi demirgazykdaky üç serhet welaýatynda birnäçe täze harby bölüm ýerleşdirip, ýurduň demirgazyk-gündogar we günbatar sebitine goşmaça 4400 harby gullukçy iberýär.

14-nji fewralda “Talybanyň” Ýaragly güýçleriniň Baş ştabynyň naçalnigi Kari Fasihuddin Fitrat Täjigistan, Hytaý we Pakistan bilen serhet ýakasyndaky Badahşan welaýatynda “Omar Salis” bölüminiň döredilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ministrlik goşun sanyny mälim etmedi, ýöne bar bolan maglumatlara görä, şuňa meňzeş bölümlerde üç müňe golaý esger bolýar.

Bu aralykda Ministrligiň ýene bir habaryna görä, Türkmenistan bilen serhetleşýän Badgis welaýatynda “Al-Faruk” korpusynyň bir bölegi hökmünde dört batalýon döredilipdir. Ýene bir batalýon Eýran bilen serhetdäki Farahda döredilýär. Beýle batalýonlaryň hersinde adatça 350 esger bar.

Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň habarçylary 15-nji fewralda, sebitde goşunlaryň eýýäm bardygyny tassykladylar.

Şu aýda talyplar Badahşanda täze bölüm döretdiler.
Şu aýda talyplar Badahşanda täze bölüm döretdiler.

Goşunyň şeýle ýerleşdirilmegi goňşy döwletlerde, hususan-da Täjigistanda howatyrlanma döretdi. Bu ýurduň häkimiýetleri Owganystandaky howpsuzlyk meseleleri we olaryň Merkezi Aziýa ýetirip biljek täsiri barada, öz aladalaryny bildirýärler.

"Talyban" bolsa içerki howpsuzlygy güýçlendirmek üçin, täze "ýörite bölümleriň" ýerleşdirilmeginiň zerurdygyny öňe sürýär.

"Talyban" hereketiniň metbugat sekretary we maglumat ministriniň orunbasary Zabiulla Mujahid Azatlyk Radiosynyň habarçysyna ýakadaky welaýatlaryň serhedinde goşun ýerleşdirmegiň sebitdäki durnuklylyga goşant goşjakdygyny aýtdy.

“Güýçlendirilen goşun bölümleriniň ýerleşdirilmegi käbir howpsuzlyk zerurlyklary bilen baglanyşykly. Ol beýleki ýurtlara howp abandyrmaýar, aslynda sebitde howpsuzlygy güýçlendirmek zerur" diýip, Zabiulla Mujahid Azatlyga beren interwýusynda aýtdy.

"Biz ähli goňşularymyzy Owganystandaky howpsuzlygy üpjün eden ýagdaýymyzda, beýleki ýurtlaryň howpsuzlygyna-da goşant goşýarys diýip ynandyrmak isleýäris" diýdi. Şeýle hem ol “Talybanyň” "hiç kime Owganystanyň goňşy ýurtlaryna zyýan ýetirmegine ýol bermejekdigi" baradaky öňki sözlerini gaýtalady.

Köp sanly duýduryşlara we gorky-howatyra garamazdan, “Talyban” awgust aýynda Kabulda häkimiýeti ele geçireli bäri, Owganystan serhedinden geçmek meselesinde, düýpli bir bikanun hereket hasaba alynmady.

Şeýle-de bolsa, soňky iki aýda Türkmenistanyň we Eýranyň serhet goşunlary bilen baglanyşykly “Talybanyň” gatnaşmagynda, iki aýry-aýry çaknyşyk ýüze çykdy. Tähran bu wakany "Talyban" esgerleri tarapyndan "düşünişmezlik" diýip atlandyrdy. Türkmenistan bolsa köpçülige düşündiriş bermedi.

Bu aralykda, Täjigistanyň häkimiýetleri Owganystanyň täze ýolbaşçylygyny işjeň tankytlap gelýärler, Owganystanyň demirgazygyndaky we demirgazyk-gündogaryndaky söweşiji toparlaryň sebitdäki howpsuzlyga uly howp salýandyklaryna ynanýandyklaryny aýtmagy dowam etdirýärler.

Ýanwar aýynda Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon sebitlerdäki dürli “Talyban” toparlarynyň arasyndaky çaknyşyklaryň çözülmegi üçin, Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyny (KHŞG) Owganystanyň töwereginde howpsuzlyk gurşawyny döretmäge çagyrdy.

Rahmon Owganystanyň demirgazyk-gündogarynda 40-dan gowrak terrorçylyk lageriniň ýerleşýändigini we bu ýerde alty töweregi söweşijiniň bardygyny aýtdy. "Talyban" bu aýyplamany düýbünden ret etdi.

"Talyban" Kabulda häkimiýeti ele geçirenden birnäçe hepde soň, Badahşan we Tahar welaýatlarynda, özüni pida ediji ýörite bölüm "Laşkar-e Mansuri" (“Mansuryň goşuny”) batalýonlaryny ýerleşdirdi, bu bolsa Täjigistanda howsalany güýçlendirdi.

Russiýanyň, Gazagystanyň hem Belarusyň KHŞG harby bölümleri Täjigistanyň owgan serhedine ýakynlykdaky bazada, 2021-nji ýylyň oktýabrynda türgenleşik geçýär.
Russiýanyň, Gazagystanyň hem Belarusyň KHŞG harby bölümleri Täjigistanyň owgan serhedine ýakynlykdaky bazada, 2021-nji ýylyň oktýabrynda türgenleşik geçýär.

Ol iki welaýatda Täjigistandan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan emele gelen söweşijiler hereket edýärler we ençeme ýyl bäri “Talyban” bilen bilelikde söweşlere gatnaşýarlar.

Oktýabr aýynda Owganystandaky dürli çeşmeler hem-de Täjigistan serhetçileri “Talybanyň” Badahşandaky täjik söweşijilerine ABŞ goşunlary tarapyndan galan täze harby enjamlary, ýaraglary we beýleki serişdeleri berlendigi aýtdylar.

Merkezi Aziýa respublikalary ol söweşijileriň öz ýurtlaryna aralaşmagyndan howatyr edýärler.

Talyplar bolsa «goňşular duşmanlarymyzy gizlärler» diýip howatyr edýär.

Şeýle-de bolsa, köp bilermeniň pikirine görä, “Talybanda” öz goňşulary bilen harby çaknyşyk döretmek ýa-da çaknyşygy öjükdirmek niýeti ýok.

Owganystanyň harby bilermeni Omar Sapy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürleşende, "köp ýyl bäri dowam eden urşy gutaran “Talyban" täze birine başlamak islemeýär" diýdi.

Onuň sözlerine görä, olar öz içindäki “Talybana” garşy çaknyşyk barada alada edýändikleri üçin, serhet ýakalaryna goşun iberýärler.

“Käbir syýasatçylaryň, Owganystandan giden öňki serkerdeleriň ýurtda dartgynlygyň ýokarlanmagyna ýa-da ýazda Owganystanyň esasanam demirgazygynda harby hüjümleriň emele gelmegine garaşyp bolar diýen çaklamalary bar” diýip, Sapy belleýär.

"Serhetýaka welaýatlara goşun ibermek bilen “Talyban” mümkin bolaýjak hüjümlere taýýarlyk görmek, şeýle hem goňşy ýurtlara: "eger siz biziň duşmanlarymyzy gizleseňiz, biz siziň serhetleriňizde söweş taýýarlygynda durýarys" diýen duýduryşy bermegi hem nazarda tutýar” diýip, bilermen sözüniň üstüne goşýar.

Ady rowaýata öwrülen serkerde Ahmad Şah Masudyň ogly Ahmad Masudyň ýolbaşçylygyndaky "Talybana" garşy ýiti garşydaşlar 16-njy awgustda esasan täjikleriň köplükde ýaşaýan Pançşir welaýatynda, Milli garşylyk frontuny döretdiler.

“Talyban” 2021-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda, öz ýeňşini yglan edenden soň, ýolunda garşy çykan soňy welaýat Pançşir jülgesine bardy.
“Talyban” 2021-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda, öz ýeňşini yglan edenden soň, ýolunda garşy çykan soňy welaýat Pançşir jülgesine bardy.

Ahyrky netijede “Talyban” Pançşiri basyp aldy, garşy duranlaryň liderleri bolsa ýurtdan gaçyp çykdylar. Garşylyk hereketine uly goldaw beren ýa-da şol döwlet bilen aragatnaşyk saklaýanlaryň käbiri Täjigistanda diýlip hasaplanýar.

Öňki harby ýolbaşçylar we syýasatçylar Abdul-Reşid Dostum we asly demirgazykdaky Jöwüzjan we Balh welaýatlaryndan bolan Atta Muhammet Nur “Talyban” Kabulda häkimiýeti alanyndan soň, Özbegistana gitdiler. Olar garşylyk hereketini goldaýan we “Talyban” dolandyryşyna garşy göreşen belli owgan şahsyýetlerinden käbiri.

Garşylyk hereketinden galan agzalarynyň demirgazyk welaýatlarda “Talybana” garşy partizançylyk hüjümlerini dowam etdirýändigi habar berilýär. Şeýle-de bolsa, olaryň ýolbaşçylary Täjigistan ýaly dostlukly goňşy ýurtlaryň “Talybana” garşy toparlara bölünmek we hüjümleri amala aşyrmak üçin, kömek aljakdygy barada, hiç wagt aç-açan gürlemediler.

Material Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň habarçysy Nahib Mokimiň kömegi bilen taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG