Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň goranmak sekretary: Russiýa Ukraina ‘zarba urmakçy’


ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Ostin
ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Ostin

ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloyd Ostin (Lloyd Austin) 19-njy fewralda Russiýa goşunynyň Ukraina ‘zarba urmakçy’ bolýandygyny aýtdy. Ýöne ol, şonda-da, rus prezidenti Wladimir Putiniň uruş turuzmakdan saklanjagyna umyt bildirdi.

Sebitde Russiýanyň Ukraina çozmagy barada güýçlenýän gorky-howatyrlaryň arasynda Litwa amala aşyran saparynda Ostin Waşingtonyň Baltiki ýaranlary goldajakdygyny aýtdy.

Russiýa hüjüm planlaryny ret edýär.

“Men Litwada, Estoniýada we Latwiýada hemmeleriň bilmegini isleýärin, şeýle-de men Kremlde oturan prezident Putiniň bilmegini isleýärin: Birleşen Ştatlar öz ýaranlaryny goldaýar” diýip, Ostin litwaly liderleri bilen geçiren duşuşygynydan soňra Wilniýusda geçiren metbugat ýygnagynda aýtdy.

Ostin ABŞ prezidenti Jo Baýdeniň Putiniň çozuş kararyny ‘kabul edendigi’ barada aýdanlary bilen ylalaşýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG