Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan premýeri Russiýa garşy sanksiýalaryň 'ilkinji zarbasynyň derrew' geljekdigini aýdýar


Britan premýer-ministri Boris Jonson
Britan premýer-ministri Boris Jonson

Britan premýer-ministri Boris Jonson öz ýurdunyň Russiýanyň telekeçilik bähbitlerini derrew, berk sanksiýalar bilen nyşana aljakdygyny aýtdy we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine Ukraina garşy mundan aňry ilerlemezlik duýduryşyny berdi.

"Biz haýal etmän ykdysady sanksiýalar toplumyny dörederis" diýip, Jonson 22-nji fewralda, Kobra milli adatdan daşary howpsuzlyk komitetiniň mejlisini geçirenden soň žurnalistlere aýtdy.

"Bu Angliýanyň Russiýa garşy girizjek ykdysady sanksiýalarynyň diňe ilkinji tapgyrydyr, sebäbi biz ruslaryň has-da kän bimany hereket etmeginden alada galýarys” diýip, iňlis premýeri aýtdy.

Ol sanksiýalaryň “diňe bir Donbasdaky, Luhanskdaky we Donetskdäki guramalary däl-de, eýsem Russiýanyň öz içini-de nyşana aljakdygyny, Russiýanyň ykdysady bähbitlerine mümkin boldugyça berk gönükdiriljekdigini” aýtdy.

Jonson giriziljek sanksiýalary 22-nji fewralda parlamentiň öňünde etjek çykyşynda anyk aýan etjekdigini hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG