Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet dumasy separatistleriň gözegçiligindäki ukrain sebitleri bilen baglaşylan şertnamalary tassyklaýar


Rus parlamentiniň aşaky palatasy, Döwlet dumasy
Rus parlamentiniň aşaky palatasy, Döwlet dumasy

Rus parlamentiniň aşaky palatasy, Döwlet dumasy 22-nji fewralda Kreml goldawyndan peýdalanýan separatistleriň gözegçilik edýän ukrain sebitleri bilen baglaşylan dostluk şertnamalaryny tassyklap, biragyzdan ses berdi.

Prezident Wladimir Putin Günbataryň duýduryşlaryna gulak asman, 21-nji fewralda Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk we Luhansk sebitlerine gözegçilik edýän separatistleriň garaşsyzlyk barada eden tekliplerini ykrar etjekdigini aýtdy.

22-nji fewralda parlamentiň ýokarky palatasynda, Federasiýa geňeşinde hem ses berişligiň geçirilmegine garaşylýar.

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Andreý Rudenko RIA habar gullugyna Moskwanyň ykrar etmeginiň iki sebitde hem separatistleriň gözegçilik edýän ýerlerine degişlidigini aýtdy.

Şeýle-de, Rudenko Moskwanyň Ukraina bilen aragatnaşygyny kesmek islemeýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG