Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dalaşgärleri hödürlemk dowam edýän wagty Serdar Berdimuhamedow saýlawçylar bilen duşuşdy


Türkmenistanyň prezidenti wezipesine dalaşgär görkezilen Serdar Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti wezipesine dalaşgär görkezilen Serdar Berdimuhamedow

21-nji fewralda Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň mejlisler zalynda Demokratik partiýa tarapyndan Türkmenistanyň prezidenti wezipesine dalaşgär görkezilen Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi.

Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň gerimini giňeltmek, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, sebitde milli we halkara syýahatçylygy ösdürmek, obalarda we şäherlerde täze, döwrebap umumybilim berýän mekdepleri hem-de mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurmak meselelerini aýratyn nygtady diýip, resmi habarda bellenýär.

Dalaşgäriň maksatnamasynda telekeçiligi goldamak, döwlet tarapyndan dürli ýeňillikli şertleriň döredilmeginiň hasabyna obasenagat toplumyny özgertmek işlerine hususyýetçileri çekmek wezipeleri kesgitlenildi diýip, TDH S.Berdimuhamedowyň ýygnananlaryň köp sanly sowallaryna hem jogap berendigini aýdýar.

Prezidentlige dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär. Şol bir wagtda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak işleri doly açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda dowam edýär diýip, TDH ýazýar.

XS
SM
MD
LG