Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski Ukrainada harby ýagdaý yglan etdi, Baýden bilen gepleşdi


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 24-nji fewralda rus raketalary paýtagty we ýurduň beýleki sebitlerini nyşana almagynyň yzy bilen, ýurtda harby ýagdaýy yglan etdi.

Ol rus prezidenti Wladimir Putiniň Ukraina garşy “ýörite” harby operasiýanyň başladylýandygyny yglan etmeginden soň, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen gepleşendigini hem mälim etdi. Russiýanyň bu hereketleri Ýewropada giň gerimli urşuň turmak howatyrlaryny artdyrýar.

Zelenski çykyşynda “Russiýa biziň harby infrastrukturalarymyza, serhet goragçylarymyza we serhet birikmelerine hüjüm etdi” diýip, belledi.

XS
SM
MD
LG