Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenka: Belarus goşuny Russiýanyň Ukraina garşy hüjümine gatnaşmaýar


Diýdimzor Aleksandr Lukaşenka
Diýdimzor Aleksandr Lukaşenka

Belarusyň awtoritar lideri Aleksandr Lukaşenka 24-nji fewralda Russiýanyň Ukraina garşy hüjüme geçmegi bilen baglylykda belarus harbylarynyň muňa gatnaşmaýandygyny aýtdy.

“Biziň harby güýçlerimiz bu operasiýa gatnaşmaýar” diýip, rus prezidenti Wladimir Putiniň ýakyn ýarany Lukaşenka aýtdy.

Moskwa müňlerçe esgerini Belarusda ýerleşdirdi we ýakynda 30 müň harby gullukçysynyň gatnaşmagynda bilelikdäki harby türgenleşikleri geçirdi.

Bu türgenleşikler şu hepde tamamlanmalydy, emma olaryň möhleti Russiýanyň hüjüminiň öňüsyrasynda uzaldyldy.

Sosial medialarda rus goşunlarynyň Belarusdan Ukraina girýändigini görkezýändigine meňzeýän wideolar çap boldy.

XS
SM
MD
LG