Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

‘Adamlar irki prezident saýlawlaryndan köp zada garaşmaýar’


Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda häkimiýetler, köpler üçin garaşylmadyk ýagdaýda, irki prezident saýlawlaryny yglan edeli bäri, döwlet metbugat serişdeleri saýlawlaryň töweregindäki wakalar, bellige alynýan dalaşgärler we saýlaw möwsüminiň barşy barada yzygiderli habar berýär. Ýöne adaty halk saýlawlar barada näme diýýär, ilat saýlawlardan nämä garaşýar, häkimiýetler saýlawlara nähili taýýarlyk görýär?

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň dürli künjeklerinde ýerli ýaşaýjylar bilen söhbetdeş bolup, ilatyň saýlawlardan garaşýan netijelerini öwrenýärler. Bu aralykda, garaşsyz turkmen.news hem-de “Türkmenistanyň hronikasy” neşirleri saýlawlaryň öň ýany häkimiýetleriň görýän çäreleri barada habar berýärler.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolýan ýerli ýaşaýjylaryň aglabasy özleriniň saýlawlar barada pikir etmeýändiklerini aýdýarlar, olaryň käbirleri bolsa esasan prezident saýlawlaryndan soňra iň bolmanda gysga wagtlyk hem bolsa emele gelmegi ahmal arzançylyk, nagt pul elýeterliligi barada gürrüň edýärler.

“Her kim öz işi bilen gümra” diýip, bir türkmenistanly Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy. Adamlaryň gümra bolýan gündelik işleri, bala-çagalaryny okuwa ibermek, azyk önümlerini satyn almak, mümkin boldugyndan gazanç edip, gün görmek ýaly işleri öz içine alýar.

Ýöne saýlaw hakda gürrüň edilen halatynda hem saýlawyň özi, ýa-da saýlawlarda haýsy dalaşgäriň ýeňiş gazanjagy däl-de, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly, wise-premýer we prezident wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmeginden soňra amala aşmagy ahmal özgerişe umyt baglanýar.

"Adamlar umuman hiç zadyň üýtgemejekdigini bilýärler. Ýöne olar iň bolmanda, iki-üç aý azyk gytçylygynyň aradan aýryljakdygyna we bankomatlardan bökdençsiz pul nagtlaşdyryp biljekdiklerine umyt baglaýarlar" diýip, bir ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde 23-nji fewralda habarçymyza gürrüň berdi.

“Serdaryň wezipä bellenilmeginden soňra, iň bolmanda iki-üç aý dükanlarda arzan önümler peýda bolar...” diýip, ýerli ýaşaýjy nygtady.

Otuz ýyllyk garaşsyzlyk taryhynda şu wagta çenli hiç haçan ‘erkin we adalatly saýlaw geçirilmedik’ Türkmenistanda prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow, synçylara görä, ykdysady kuwwaty ymykly pese gaçan ýurdy kakasyndan miras alara. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurt raýatlarynyň azyk üpjünçiligi bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan problemalary, pul nagtlaşdyrmakda bar bolan kynçylyklar, bankomatlaryň öňünde emele gelýän nobatlar we beýleki durmuş-ykdysady problemalar barada yzygiderli habar berýärler.

Bu arlaykda, häkimiýetler dürli çäreler bilen saýlawlara taýýarlyk görýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji fewralda Magtymguly adyndaky Döwlet uniwersitetinde saýlaw çarelerine gatnaşdyryljak talyp gyzlardan çabyt, köýnek we birmeňzeş nagyşly ýaka satyn almagyň talap edilýändigini habar berdi.

turkmen.news neşiri saýlawlara taýýarlyk çäreleriniň çäginde häkimiýetleriň ozal kazyýet jogapkärçiligine çekilen adamlara gözegçiligi güýçlendirendiklerini habar berýär. Neşiriň 23-nji fewralda çap eden habaryna görä, ozal kazyýet jogapkärçiligine çekilen adamlar, zähmet-düzediş dispanserlerinde alkogolizme garşy bejergi alan adamlar 16-njy marta çenli her gün polisiýa bölümlerine baryp, bellige alynmaly. Ozal bu çäre her şenbe güni talap edilýän ekeni.

“Türkmenistanyň hronikasynyň” öz çeşmelerine salgylanyp, habar bermegine görä, sebitlerde ilatyň zähmet haklarynyň, pensiýalarynyň we döwlet kömek pullarynyň 10-njy marta çenli tölenilmegi talap edilýär.

Türkmenistanda irki prezident saýlawlary 12-nji martda geçirilýär.

Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen nobatdan daşary mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow prezident wezipesinden çekilmek niýetini mälim edip, mundan beýläk “döwleti dolandyrmakda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi” makul hasaplaýandygyny aýtdy.

Munuň yz ýany, 14-nji fewralda häkimiýet başyndaky Demokratiki partiýa tarapyndan prezident wezipesine dalaşgär hödürlenen Serdar Berdimuhamedow bolsa ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda “ata-babalaryň mirasyny dowam etdirjekdigini” nygtady.

Merkezi saýlaw komitetiniň sanawyna görä, ýurduň syýasy durmuşynda tanalmaýan sekiz dalaşgär we Serdar Berdimuhamedow 12-nji martda prezidentlik wezipesi ugrunda bäsleşer. Bu aralykda, daşary ýurtlarda hereket edýän birnäçe oppozisiýa wekili hem saýlawlarda öz dalaşgärligini hödürläp çykyş edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG