Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan dünýäniň Azatlyk reýtinginde ýene 100-den 2 dereje alyp, ‘azat däl’ ýurt boldy


Ýyllyk hasabatyň görkezijileri
Ýyllyk hasabatyň görkezijileri

Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Azatlyk öýi” (Freedom House) guramasy dünýädäki azatlygyň derejesi boýunça (Freedom in the World 2022) ýyllyk hasabatyny çap etdi.

Hökümetden aýry guramanyň täze hasabatynda Türkmenistan mümkin bolan 100 derejedan 2 dereje toplady we azat däl ýurtlaryň (erkin däl) hatarynda, ýamanyň ýamany bolup galdy.

Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň arasynda berilýän azatlyk bahasy boýunça geçen iki ýylda, 2020-2021-nji ýyllarda hem mümkin bolan 100 derejeden bary-ýogy 2 dereje alypdy.

Türkmenistandan hem az derejeler, 1 derejesi Siriýa we Sudana berilse, Eritreýa we Demirgazyk Koreýa 3 derejelerini aldy. Bu ýurtlaryň ählisi ýamanyň ýamany diýen sanawa girdi.

Hasabatyň awtorlarynyň bellemegine görä, “Türkmenistandaky awtoritar hökümet ýurtda COVID-19-yň bardygyny dolulygyna inkär etmegini dowam etdirýär”.

Maglumat üçin aýdylsa, Gyrgyzystan 27 (erkin däl), Gazagystan - 23 (erkin däl), Özbegistan - 11 (erkin däl), Täjigistan 8 (erkin däl) dereje aldy.

Russiýa hem erkin däl ýurtlaryň sanawyna girýär we dünýäniň Azatlyk reýtinginde bu gezek 19 derejesini aldy.

XS
SM
MD
LG