Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda adamlar ýene metjitden kowuldy


Marydaky baş metjit
Marydaky baş metjit

Azatlygyň ýerli habarçysy bäşinji gün metjitde juma namazyny okamaga baran raýatlaryň metjide goýberilmän, yzlaryna kowulandygyny habar berýär.

“Telewideniýede adamlaryň metjitde üýşüp, juma namazyna duruşlary görkezilensoň, namaz okaýan adamlar ‘metjit açyldy’ diýip, bir-birine habar berdi. Olar jemagat bolup namaz okamak üçin ilki öz etraplaryndaky metjitlerden habar tutdylar” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, etrap metjitleriniň agzynda gulp asylgydygyny gören adamlar Marydaky baş metjide gitdiler. Ýöne olary bu ýerde hem metjide goýbermediler.

“Biz günortadan soň, iki awtoulagly, 8 adam bolup, sagat 12:00-da Mary şäherindäki baş metjide bardyk. Bizden öň gelenlerem bar eken, soň gelenlerem boldy. Emma metjidiň ýanyndaky raýat geýimli adamlar biziň ýüzümizi alyp, ‘baryň, gidiň bu ýerden, namazyňyzy öýüňizde okaň’ diýip kowdy” diýip, Azatlyk bilen gürleşan ýaşaýjylaryň biri aýtdy.

“Biz telewizorda, "Watan" habarlarynda adamlaryň metjitlerde juma namazyna duruşlaryny görüp, ‘metjitler açylypdyr’ diýip, sogap gazanmaga geldik” diýip, ýaşaýjylaryň biri häkimiýet wekilleri bilen düşünişjek boldy.

Habarçy bilen gürleşen adamlaryň tassyklamagyna görä, raýat eşikli adamlar ‘TW-de görkezilen zatlar hepdäniň 3-nji güni düşürildi’ diýip gülüpdir we metjitlere, hususan-da hepdäniň 5-nji güni ‘barmak gadagan’ diýip, namaza gelenleri kowupdyrlar.

Azatlygyň habarçylary häkimiýetleriň geçen ýylyň maýynda hem Mary metjidine namaz okamaga gelendigini habar beripdiler. Şonda olar Maryda adamlaryň soňky üç aýda metjitden ikinji gezek kowulandygyny aýdypdylar.

Türkmenistan halkara hukuk toparlarynyň ýyllyk hasabatlarynda dini azatlyklary yzygiderli çäklendirmekde tankyt edilýär.

XS
SM
MD
LG