Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain delegasiýasy rus wekilleri bilen gepleşmek üçin Belarus serhedine  geldi


Oleksi Reznikow
Oleksi Reznikow

Moskwanyň goňşy ýurda esassyz çozmagy sebäpli Günbataryň berk ykdysady sanksiýalarynyň täsirine düşmegi bilen, Ukrainanyň delegasiýasy Russiýanyň wekilleri bilen gepleşmek üçin Belarus serhedine geldi.

Prezident edarasy 28-nji fewralda Ukraina goranmak ministri Oleksi Reznikow bilen prezidentiň geňeşçisi Mihaýlo Podolýagyň hem wekilçilik edýändigini aýtdy.

Bu duşuşyk Ukrainanyň paýtagtynda we esasy şäherleriň biri bolan Harkowda daň atmazdan öň eşidilen partlama seslerinden birnäçe sagat soň geçirilýär.

Ukrainanyň häkimiýetleri prezident Wolodymyr Zelenskiniň gelýän 24 sagadyň Ukraina üçin örän aýgytly boljakdygyny duýdurandygyny aýtdy.

Zelenski 28-nji fewralda çap eden täze ýüzlenmesinde ýurdy basyp almaga gelen rus esgerlerine ýaraglaryny taşlamak haýyşy bilen ýüzlendi.

"Eliňizdäki enjamlaryňyzy taşlaň-da, bu ýerden çykyň. Öz serkerdeleriňize ynanmaň. Wagyzçylaryňyza ynanmaň. Diňe başyňyzy gutaryň" diýip, Zelenski öz ýüzlenmesinde aýtdy we Kremliň başlan hüjüminde eýýäm 4500-den gowrak rus esgeriniň heläk bolandygyny sözüne goşdy.

Rus harbylary 27-nji fewralda öz esgerleriniň käbiriniň "öldürilendigini we ýaralanandygyny" ilkinji gezek boýun aldy, ýöne hiç hili anyk maglumat ýa-da jikme-jiklik bermedi.

XS
SM
MD
LG