Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

DIM: Türkmenistan dünýäniň 30 ýurdunda 41 sany saýlaw uçastogyny döredildi


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 27-nji fewralda ýurduň daşary ýurtlardaky diplomatik korpusy bilen duşuşyk geçirdi.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň esasy temasy Türkmenistanyň prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi boldy.

Türkmenistanyň dünýäniň 30 ýurdunda ýerleşen ilçihanalarynda we konsullyklarynda häzir 41 sany saýlaw uçastoklary döredildi diýip, Türkmen DIM-niň web sahypasynda çap edilen habarda aýdylýar.

Türkmenistanyň DIM-i Ukrainadaky türkmen raýatlarynyň saýlawlarda ses bermek mümkinçilikleri barada hiç bir maglumat bermeýär.

XS
SM
MD
LG