Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň global izolýasiýasy çuňlaşýar, ukrain wekilleri serhetde ruslar bilen ýaraşyk gepleşigine başlady


Ukrain esgeri
Ukrain esgeri

Moskwanyň goňşy ýurda esassyz çozmagy sebäpli Günbataryň berk ykdysady sanksiýalarynyň täsirine düşmegi bilen, Ukrainanyň delegasiýasy Russiýanyň wekilleri bilen gepleşige başlady. Prezident edarasy 28-nji fewralda Ukraina goranmak ministri Oleksi Reznikow bilen prezidentiň geňeşçisi Mihaýlo Podolýagyň hem wekilçilik edýändigini aýtdy.

Bu duşuşyk Ukrainanyň paýtagtynda we esasy şäherleriň biri bolan Harkowda daň atmazdan öň eşidilen partlama seslerinden birnäçe sagat soň geçirilýär.

Rus güýçleriniň Kiýewde we beýleki şäherlerde berk gaýtawula duçar bolmagy bilen, Russiýanyň Ukraina garşy başlan esaslandyrylmadyk harby hüjümi 28-nji fewralda bäşinji gününe girdi we, garşysyna girizilen berk ykdysady sanksiýalaryň güýçlenmegi netijesinde, rus lideri Wladimir Putiniň režimi barha ýokarlanýan halkara izolýasiýasyna sezewar boldy.

Ukrainanyň içeri işler ministriniň geňeşçisi Anton Heraşçenko 28-nji fewralda rus güýçleriniň Harkow şäherine eden raketa hüjüminde onlarça adamyň ölendigini, vxzlerce adamy[ varaly bolandygyny aýtdy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski geljek 24 sagadyň Ukraina üçin örän aýgytly boljakdygyny aýtdy.

Wolodymyr Zelenski
Wolodymyr Zelenski

Zelenski 28-nji fewralda çap eden täze ýüzlenmesinde ýurdy basyp almaga gelen rus esgerlerine ýaraglaryny taşlamak haýyşy bilen ýüzlendi.

"Eliňizdäki enjamlaryňyzy taşlaň-da, bu ýerden çykyň. Öz serkerdeleriňize ynanmaň. Wagyzçylaryňyza ynanmaň. Diňe başyňyzy gutaryň" diýip, Zelenski öz ýüzlenmesinde aýtdy we Kremliň başlan hüjüminde eýýäm 4500-den gowrak rus esgeriniň heläk bolandygyny sözüne goşdy.

Rus harbylary 27-nji fewralda öz esgerleriniň käbiriniň "öldürilendigini we ýaralanandygyny" ilkinji gezek boýun aldy, ýöne hiç hili anyk maglumat ýa-da detal bermedi.

Gury ýer söweşleriniň güýçlenmegi bilen, günbatarly ýaranlar Russiýanyň uçarlaryna howa giňişligini ýapmak, rus banklarynyň käbirini SWIFT maliýe ulgamyndan kesmek we Moskwanyň 630 milliard dollarlyk daşary ýurt ätiýaçlyk gorlaryny ulanmak mümkinçiligini çäklendirmek, ykdysadyýeti gowşatmaga gönükdirilen beýleki çäreler arkaly, Russiýany jezalandyrmak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirdi.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden diplomatik basyşy dowam etdirmek üçin ýaranlary we hyzmatdaşlary bilen 28-nji fewralda maslahat geçirer diýip, Ak tam aýtdy.

Ukrainalylar öz ýurtlaryny goramak üçin uly möçberlerde meýletinlik edip, häkimiýetler tarapyndan paýlanan ýaraglary aldylar we ot bombalaryny taýýarladylar.

Pentagon resmileri rus goşunlarynyň ukrain garşylygy, ýangyç ýetmezçiligi we beýleki maddy-tehniki kynçylyklar sebäpli haýallaýandygyny we Ukrainanyň howa goranyş ulgamlarynyň, gowşadylan hem bolsa, şindi hem işleýändigini aýtdy.

Ruslar toplar we raketalar bilen ýene bir gije howa hüjümini edeninden soň, adamlary Kiýewiň köçelerinden daşda saklan 39 sagatlyk komendat sagady 28-nji fewralda ýatyryldy we ýaşaýjylara azyk satyn almak üçin dükanlara barmaga mümkinçilik döredildi.

Ukrain paýtagtyndaky adamlar ruslaryň giň gerimli hüjümlerinden goranmak üçin jaýlaryň ýerzeminlerinde, ýerasty awtoulag duralgalarynda we metro stansiýalarynda gizlenýärler.

Zelenskiniň edarasy ýerli wagt bilen günortan başlanýan parahatçylyk gepleşikleriniň dowamynda Kiýewiň “atyşygy derhal bes etmek we rus goşunlaryny Ukrainadan çykarylmak” talaplaryny etjekdigini aýtdy.

BMG-niň bosgunlar gullugynyň başlygy 28-nji fewralda Ýewropada Ikinji jahan urşundan bäri turan iň uly ýaragly çaknyşykdan gaçýan ukrainalylaryň sanynyň 422,000-e ýetendigini, bosgunlaryň esasan aýallardan we çagalardan ybaratdygyny aýtdy.

Putin 27-nji fewralda Russiýanyň ýadro ýaraglaryny ulanmak üçin ýokarlandyrylan taýýarlyk ýagdaýyna getirmegi buýrup, has-da uly gorky döretdi.

Ol NATO-nyň Russiýa garşy “agressiw beýanatlary” edendigini aýtdy we Russiýa garşy girizilen berk ykdysady sanksiýalara salgylandy.

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg CNN telekanalyna beren interwýusynda Putiniň Russiýanyň ýadro arsenalyny ýatlatmagynyň "howply ritorika" bolandygyny aýtdy.

Putiniň buýrugynyň amaly, ýagny praktiki manysy bada-bat düşnükli bolmady.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýen komissiýanyň hüjüm astyndaky üçünji tarap ýurda ýarag satyn almak üçin maliýe bermek we ýaraglary eltip bermek babatynda owalda-ahyrda “ilkinji gezek” tagalla edýändigini aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Josep Borrell 27-nji fewralda 27 agzaly Bileleşigiň daşary işler ministrleriniň Ukraina görlüp-eşidilmedik goldaw bildirendigini we bu hereketleriň birnäçe sagadyň içinde güýje girjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG