Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Roman Abramowiç “Çelsi” futbol klubyny satyp, Ukrainadaky uruş pidalaryna kömek eder


Roman Abramowiç
Roman Abramowiç

Klubyň web sahypasynda berlen resmi habara görä, rus telekeçisi we milliarder Roman Abramowiç iňlis futbol kluby “Çelsini” satar.

Abaramowiçiň sözlerine görä, ol bu söwda netijesinden gazanan pullaryny Ukrainadaky uruşda ejir çekenlere kömek etmek üçin, haýyr-sahawat gaznasyna geçirer.

“Men elmydama klubyň bähbitlerini yzarlaýan karar kabul edýärin. Şonuň üçin, häzirki emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, kluby satmak kararyna geldim, sebäbi bu futbol toparynyň bähbidine laýyk gelýär diýip hasaplaýaryn" diýip, Abramowiçiň beýanatynda aýdylýar.

Metbugat beýanatynda aýdylmagyna görä, alnan serişde gyssagly maliýe kömegi hökmünde we konfliktiň pidalaryna niýetlenen uzak möhletli sagaldyş maksatnamasyny açmak üçin ulanylar.

Abramowiç bu kluba 2003-nji ýyldan bäri eýeçilik edýär we biraz öň onuň dolandyryşyny “Çelsi” haýyr-sahawat gaznasynyň ygtyýaryna geçirdi.

XS
SM
MD
LG