Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talybanyň" Hakkanisi ilkinji gezek ýüzüni görkezip, "dünýä Owganystandan gorkmaly däl" diýdi


Sirajuddin Hakkani
Sirajuddin Hakkani

Owganystanda “Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky hökümetde ministr wezipesini ýerine ýetirýän we “Hakkani” diýlip atlandyrylýan ulgamyň uzak wagt bäri ýolbaşçysy Sirajuddin Hakkani metbugat serişdeleriniň öňünde ilkinji gezek peýda boldy.

“Halifa” lakamly Hakkani 5-nji martda Kabulda täze harby-türgenleşik geçen ýüzlerçe owgan polisiýasynyň gutardyş dabarasyna gatnaşdy.

Şeýle-de, ol bu ýere üýşen adamlaryň öňünde çykyş edip, fundamentalist söweşiji toparyň ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara goşunlarynyň awgust aýynyň aýagynda ýurtdan çykmagyna ýol açan we Birleşen Ştatlar bilen 2020-nji ýylda gol goýlan Doha şertnamasyna ygrarlydygyny aýtdy.

Hakkani uçurymlara Owganystandan dünýä howp abanmaýandygyny hem aýtdy.

Ol özüniň surata düşürilmegine hiç wagt rugsat bermedi. Hakkani Birleşen Ştatlarda gözlenýän terrorçylaryň sanawyna girizildi we onuň başyna 10 million dollar möçberinde baýrak bellendi. FBI-iň bu baradaky habarynda diňe başyna ýorgan atylan sakgally adamyň takyk bolmadyk şekilini görse bolýar.

Geçen ýylyň 15-nji awgustynda Günbatar tarapyndan goldanýan owgan hökümetiniň dargamagyndan soň, Owganystanyň beýleki sebitlerini tapgyrlaýyn esasda öz gözegçiligine geçiren “Talyban” paýtagt Kabuly ele geçirdi.

XS
SM
MD
LG