Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus çozuşynyň 11-nji gününde Ukrainadan gaçan bosgunlaryň sany 1,5 milliona golaýlaýar


Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça agentligi Ukrainadan gaçmaga mejbur bolýan bosgunlaryň sanynyň iýul aýyna çenli 4 million adama ýetmegine garaşylýandygyny çaklaýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça agentligi Ukrainadan gaçmaga mejbur bolýan bosgunlaryň sanynyň iýul aýyna çenli 4 million adama ýetmegine garaşylýandygyny çaklaýar.

Ukrainadaky uruşdan gaçýan bosgunlaryň sanynyň 6-njy martda 1,5 milliona ýetmegine garaşylýar. Russiýanyň Ukraina amala aşyrýan çozuşynyň 11-nji gününde ýurduň köp ýerinde “gazaply” söweşler barýar.

Ýurtdan gaçmagy başaran ukrainalylar goňşy Polşa, Rumyniýa, Slowakiýa ýaly ýurtlara barýarlar. Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça agentligi bosgunlaryň sanynyň iýul aýyna çenli 4 million adama ýetmegine garaşylýandygyny çaklaýar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken hepdäniň ahyrynda Polşa bilen serhetdäki ukrainaly bosgunlaryň halyndan habar alyp, emele gelen gumanitar krizis üçin Waşingtonyň 2,75 milliard dollar möçberinde maliýe serişdesini bölüp bermäge çalyşýandygyny aýtdy.

Ukrainanyň ýaragly güýçleri 6-njy martda ýurduň günortasyndaky Mikolaýew hem-de demirgazykdaky Çernihiw şäherleriniň gözegçiligi ugrunda rus güýçleri bilen “gazaply söweş” alyp barýandygyny aýtdy.

“Baş aladamyz Mariupol şäherini goramaga gönükdirilýär” diýip, ukrain goşuny Facebook ulgamy arkaly aýtdy. Donetsk sebitinde hem ukrain güýçleriniň operasiýasyna taýýarlyk görülýär diýip, maglumatda aýdylýar.

Mariupol birnäçe gün bäri elektrik energiýasyz, suwsuz hem-de azyksyz gabaw astynda galýar. Russiýa ynsanperwer geçelge açmak üçin ok atyşygy bes edendigini yglan edenden soňra, ýerli resmiler şäheriň 450 müň ilatynyň hususy awtoulaglar we awtobuslar arkaly şäheri terk edip bilýändiklerini aýtdy. Ýöne resmileriň “Russiýa tarapy ok atyşygy bes etmegi berjaý etmeýär, Mariupol we onuň töweregini oka tutmagy dowam etdirýär” diýmegi bilen ewakuasiýa işleri yza süýşürildi.

XS
SM
MD
LG