Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Almatyda aýal-gyzlar hökümetden özlerine deň hukuk berilmegini talap etdi


Almaty. 8-nji mart, 2022.
Almaty. 8-nji mart, 2022.


Almaty adamda deň hukuklary talap edýän ýüzlerçe aýal-gyzlar güni ýörişi geçirilýär

Gazagystanyň iň uly şäheri Almatyda toplanan 1000-den gowrak aktiwist Halkara aýal-gyzlar gününi aýal-gyzlara deň hukuk berilmegini talap etmek bilen belledi.

8-nji martda Almaty şäheriniň merkezindäki Şokan Walyhanow ýadygärliginiň ýanyna ýygnanan demonstrantlar "Aýallaryň pikirleri alga alynmaly", "Syýasatda has köp aýal bolmaly" we "Feminizm Gazagystany halas eder" diýen ýaly şygarlar ýazylan plakatlary galdyrdylar.

Aktiwistler Merkezi Aziýa döwletiniň hökümetinden has döwrebap gender syýasatlaryny kesgitlemegi, pensiýa ýaşyny 63 ýaşdan 58 ýaşa çenli azaltmagy, maşgaladaky zorlugyň soňuna çykmak çäreleriniň görülmegini we döwlet edaralarynda, hökümet guramalarynda has köp aýalyň işe alynmagyny talap etdiler.

Bu çäre Feminita, KazFem, SVET, FemAgora we FemSreda toparlary tarapyndan, şäher häkimliginden rugsat almak bilen guraldy.

Bu toparla geçen ýylam 8-nji martda şeýle ýygnanyşyk geçiripdiler.

XS
SM
MD
LG