Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa ýene gumanitar koridorlary açjakdygyny aýdýar, ABŞ-nyň wise-prezidenti Ýewropa gelýär 


Polşa gelen bosgunlar
Polşa gelen bosgunlar

Russiýanyň Ukraina çozmagy we raýat ýerleriniň topa tutulmagynyň dowam etdirilmegi netijesinde ýaşaýan ýerlerinden bosan asuda adamlaryň sanynyň 2 milliondan aşmagy bilen, Moskwa 9-njy martda Ukrainanyň paýtagtyndan we beýleki dört şäherinden gaçýan adamlary ýene bir gün ynsanperwerlik koridorlary bilen üpjün etjekdigini aýtdy.

8-nji martda müňlerçe adam çäklendirilen geçelgeleri ulanyp, dowam edýän rus bombalamalarynyň käbir ýollary kesen wagtynda, ynsanperwerlik koridorlary arkaly ýurduň weýran edilýän şäherlerinden gaçmaga synanyşdy.

Birleşen Ştatlarda kongres liderleri 9-njy mart güni irden iki partiýaly ylalaşyga gelip, rus hüjümlerine garşy durýan Ukraina we Ikinji jahan urşundan bäri kontinentiň ýüzbe-ýüz bolan iň agyr bosgun krizisine hötde gelmäge çalyşýan ýewropaly ýaranlaryna kömek üçin, 13,6 milliard dollar goýbermek kararyna geldi.

ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris Russiýanyň Ukraina çozuşyny we urşuň sebite ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşmak üçin 9-njy martda NATO-nyň Ýewropadaky ýaranlarynyň ikisine, Polşa we Rumyniýa saparyna başlaýar.

Şu aralykda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, 10-njy martda ukrain kärdeşi Dmytro Kuleba bilen duşuşmak üçin, Türkiýä ugraýar.

XS
SM
MD
LG