Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda prezidentlige dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary tamamlandy


2022-nji ýylyň 12-nji martynda boljak prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmak üçin resmi hasaba alnan dalaşgärler. Döwlet baştutany wezipesine resmi taýdan jemi 9 kandidat dalaş edýär.
2022-nji ýylyň 12-nji martynda boljak prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmak üçin resmi hasaba alnan dalaşgärler. Döwlet baştutany wezipesine resmi taýdan jemi 9 kandidat dalaş edýär.

12-nji martda geçiriljek möhletinden irki prezidentlik saýlawlaryna gatnaşýan dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşygy 9-njy martda tamamlandy. Bu barada Merkezi saýlaw komissiýasy 10-njy martda habar berdi.

Maglumatda 2022-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň prezidentligine dalaşgärleriň walaýatlardaky we Aşgabat şäherindäki saýlawçylar bilen meýilnamalaryny hödürlemek üçin geçirilen duşuşyklary tamamlandy diýilýär we dalaşgärleriň umuman 55 töweregi ýygnagynyň deň şertlerde geçirlendigi aýdylýar.

Resmi habara görä, ilkinji duşuşyk Daşoguz welaýatynda, iň soňky ýygnak Aşgabat şäherinde geçirilipdir.

Wagyz işleriniň çäklerinde dalaşgärleriň maksatnamalaýyn çykyşlarynyň jemi 9-sy «Altyn asyr: Türkmenistan», «Miras», «Ýaşlyk», «Türkmenistan» teleýaýlymlarynda görkezilip, şeýle-de dalaşgärleriň terjimehallary, maksatnamalary «Türkmenistan», «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetlerinde çap edilip, deň şertlerde ilatyň dykgatyna ýetirildi diýlip Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň resmi maglumatynda aýdylýar.

Resmi düzgüne görä, wagyz işleri saýlawlaryň geçiriljek gününden bir gün, ýagny 11-nji martda öň bes edilýär.

Türkmenistanyň prezidenti wezipesine jemi 9 adam dalaş edýär. Prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowdan başga 8 dalaşgär ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda öň özüni tanatmadyk şahsyýetler.

Türkmen resmileri dalaşgärleriň ählisine deň mümkinçilik döredilendigini aýdýarka, garaşsyz çeşmeler häkimiýetleriň ilaty prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowa ses bermäge mejbur edýändigini aýdýarlar. Şeýle-de, ýurduň içinde we daşynda möhletinden irki ses berişlikler gurnalýar. Käbir welaýatlarda telewideniýede görkezmek üçin ses berilikler surata alynýar.

XS
SM
MD
LG