Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus güýçleri Kiýewe dyzaýar, Zelenski Ukrainanyň “öwrüm nokadyna” gelendigini aýdýar


“Bize ukrain topragyny azat etmek üçin ýene näçe günüň gerekdigini aýtmak mümkin däl. Ýöne biz muny başarjakdygymyzy aýdyp bileris” diýip, Zelenski aýtdy.
“Bize ukrain topragyny azat etmek üçin ýene näçe günüň gerekdigini aýtmak mümkin däl. Ýöne biz muny başarjakdygymyzy aýdyp bileris” diýip, Zelenski aýtdy.

Kiýewiň demirgazyk-günbatarynda söweş barýar, tanklar we artilleriýa eýýäm gabaw astyna alnan ýerleri oka tutýar.

Rus raketalary Kiýewiň günortasyndaky ukrain harby howa meýdançasyny nyşana alýar diýip, habarlarda aýdylýar.

Wasilkow şäheriniň häkimi hüjümiň uçuş-gonuş zolagyny we ýangyç ammaryny ýykandygyny, şeýle-de ok-däri dükanynda partlamalara sebäp bolandygyny aýtdy.

Britaniýanyň Goranmak ministrligi 12-nji martda rus gury ýer güýçleriniň Ukrainanyň paýtagtynyň merkezinden 25 km uzaklykda ýerleşýändigini aýtdy.

12-nji mart güni irden birnäçe ukrain şäherinde howa reýdini duýdurýan sirenalar işledi. Ýerli habar beriş serişdeleri Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň sözlerine salgylanyp, Ukrainanyň “eýýäm strategiki öwrülişik nokadyna ýetendigini” habar berdi.

“Bize ukrain topragyny azat etmek üçin ýene näçe günüň gerekdigini aýtmak mümkin däl. Ýöne biz muny başarjakdygymyzy aýdyp bileris” diýip, Zelenski rus çozuşynyň üçünji hepdesine giren wagtynda eden tele ýüzlenmesinde aýtdy.

Günortadaky port şäheri Mariupola ýagdyrylýan top oklary şäherde çykyp bilmän gabawda galan asuda adamlary howpsuz ýere çykarmak ýa-da olara azyk, suw eltmek synanyşyklarynyň öňüni aldy.

Şäher häkimliginiň maglumatyna görä, Mariupola edilen hüjümiň 12 gününde wepat bolanlaryň sany 1500 adamdan geçdi. Ýagdyrylýan top oklary ölenleri köpçülikleýin jaýlamak üçin çukur gazýan toparlaryň işini togtatmagyna sebäp boldy, şu sebäpden “eýýäm ölüler hem jaýlanmaýar” diýip, şäher häkimi aýtdy.

Wise-premýer Iryna Wereşçuk 12-nji martda ukrain şäherlerinden we obalaryndan, şol sanda gabaw astyndaky Mariupol şäherinden birnäçe gumanitar koridoryň açylmagyna umyt edýändigini aýtdy.

"Günüň gowy geçjekdigine, meýilleşdirilen ugurlaryň hemmesiniň açyk boljakdygyna we Russiýanyň atyşygy togtatmak düzgüni saklamak baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirjekdigine umyt edýärin" diýip, Wereşçuk wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

Ukrain häkimiýetleri Russiýany günortadaky Nikolaýew şäherinde onkologiýa hassahanasyny we birnäçe ýaşaýyş jaýyny agyr artilleriýa okuna tutmakda günäkärledi.

Kreml güýçleri soňky iki hepdäniň dowamynda ýüzbe-ýüz bolan güýçli garşylygyndan soň özüni dürsemäge we gury ýer hüjümlerini gaýtadan güýçlendirmäge synanyşýana meňzeýär.

Angliýanyň Goranmak ministrligi Russiýanyň Kiýewiň garşysyndaky operasiýasyny janlandyrmak üçin goşunyny tijendirmäge we "gaýtadan gurmaga" synanyşýandygyny aýtdy.

Bu konflikt eýýäm 2,5 million adamyň ýurtdan gaçmagyna sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG