Ykdysadyýetçi we weteran syýasatçy Wahagn Haçatrian 13-nji martda Ermenistanyň täze prezidenti hökmünde kasam kabul edende milli jebisligi berkitmek üçin ähli tagallalary etjekdigine wada berdi.
Inaugurasiýa dabarasy Ermenistanyň parlamentiniň iki oppozisiýa topary tarapyndan boýkot edilen ýörite mejlisinde geçirildi.
Haçatrian açylyş dabarasynda eden çykyşynda “çylşyrymly sebit we halkara kynçylyklar” sebäpli Ermenistan üçin iň möhüm döwürde öz wezipesine girişýändigini aýtdy.
“Häzirki global howpsuzlyk ulgamlarynyň özgermegine getirýän çalt üýtgeýän geosyýasy ösüşlere şaýat bolýarys. Häzirki wagtda bize öňkülerden has köp paýhas, ynam, durnuklylyk we jebislik gerek" diýip, Ermenistanyň täze prezidenti belledi.
62 ýaşly Haçatrian, öňki prezident Lewon Ter-Petrosianyň dolandyran döwründe, 1992-1996-njy ýyllar aralygynda Ýerewanyň häkimi bolup işlän ykdysatçydyr. Ol geçen ýylyň awgustynda Paşinýanyň hökümetine goşulmaga razy bolýança Ter-Petrosianyň berk syýasy ýaranydy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.