Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenskiniň geňeşçisi Russiýa bilen geçiriljek 'kyn gepleşiklere' taýýardygyny aýdýar


 Mykaýlo Podolýak
Mykaýlo Podolýak

Hepde ahyrynda Kiýewiň demirgazyk-günbatarynda we gündogarynda, ýurduň beýleki ýerlerinde bombalamalaryň dowam etmegine we iki tarapyň hem ilerleme gazanandygyny aýtmagyna garamazdan, ukrain we rus gepleşikçileri 14-nji martda ýene gepleşik geçirmäge taýýardyklaryny aýtdylar. Gepleşikleriň dördünji tapgyrynda oka tutulýan şäherlere we şäherçelere kömek ýetirmek meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar diýip, ukrain prezidentiniň uly geňeşçisi Mykaýlo Podolýak aýtdy. Şeýle-de ol Russiýanyň “konstruktiw gürrüň edip başlaýandygyny” we gepleşikleriň netijeleriniň “sanlyja günde belli boljakdygyny” belledi.

Podolýak Moskwanyň esassyz çozuşyny togtatmak üçin geçirilýän gepleşikler gaýtadan başlanda, özüniň Russiýa bilen "kyn meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga" taýýardygyny aýtdy.

"Gepleşikleriň dördünji tapgyry. Parahatçylyk, atyşygy kesmek, haýal etmän goşun çykarmak we howpsuzlyk kepillikleri. Öňde kyn gepleşik dur” diýip, Ukrainanyň esasy gepleşikçisi Podolýak twitterde aýtdy.

"Öz agressiw hereketleriniň manysyzdygyna düşünse-de, parahatçylykly [ukrain] şäherlerine garşy 19 günläp eden zorlugy Russiýa şindem dogry strategiýa bolup görünýär" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Gepleşikleriň dördünji tapgyry, rus güýçleriniň Ukrainadaky hüjümlerini ýygjamlatmagy bilen, wideo arkaly geçiriler. Mundan öň ýüzbe-ýüz geçirilen üç duşuşyk netijesiz soňlandy.

Rus güýçleriniň paýtagta we beýleki esasy şäherelere edýän basyşlaryny dowam etdirmegine garamazdan, diplomatik tagallalar Moskwanyň has köp raýatyň ewakuasiýa edilmegine ýol açjagyna umyt döretdi.

Öňki gepleşiklerde strategiki şäher bolan Mariupolda ýiti azyk, suw we derman gytçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolan ýüz müňlerçe adama kömek ýetirmek ýa-da ewakuasiýa ýollaryny açmak meselelerine görnüp duran çözgüt tapylmady.

“Nowosti” habar gullugynyň rus wekili Leonid Slutskiniň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, gepleşýän taraplar düýpli öňegidişlik gazandylar we taraplaryň basym şertnamalar taslamasyny taýýarlamagy hem mümkin.

Ukrainanyň we Ýewropanyň liderleri Russiýany söweş wagtynda ýaşaýan ýerlerinden çykyp bilmän galan parahat ilata howpsuz ýol, geçelge bermäge çagyrdy. Ukrain häkimiýetleri 13-nji martda, Mariupol bilen birlikde, 10-dan gowrak gumanitar koridoryň açylmagyna bil bagladylar, ýöne bu hili wadalar ozal gaýta-gaýta boş çykdy.

Halkara Gyzyl haç komiteti adamlaryň Mariupolda görýän görgüleriniň “çydar ýaly däldigini”, asuda ilatyň we söweşijileriň jesetleriniň harabalygyň aşagynda ýa-da “ýykylan ýerlerinde, açyk meýdanda” galýandygyny aýtdy.

Mariupol ugrundaky söweş örän wajyp, sebäbi bu şäher Russiýa 2014-nji ýylda Ukrainadan basylyp alnan Kryma gury ýer geçelgesini döretmäge ýaramly boljak.

Kiýewiň etegindäki söweşde rus güýçleri paýtagtyň demirgazyk-günbataryndaky ýerleri, çozuşyň esasy syýasy we strategiki nyşanalary, şeýle-de şäheriň gündogaryndaky nokatlary artilleriýa okuna tutýar diýip, Kiýewiň sebit administrasiýasynyň başlygy Oleksi Kuleba ukrain telewideniýesinde eden çykyşynda aýtdy.

Kuleba Kiýewiň gündogaryndaky Browarynyň şäher geňeşiniň agzasynyň söweşde öldürilendigini we top oklarynyň Irpen, Buça we Hostomel şäherlerine gelip düşendigini aýtdy.

Rus söweşijileri Rumyniýanyň demirgazygyndan 150 km uzaklykda, Wengriýadan 250 km uzaklykda ýerleşýän günbatar şäheriň, Iwano-Frankiwskiniň howa menziline hem ok atdylar.

Şu aralykda, Pekiniň rus dezinformasiýasyny ýaýratmagy we Moskwanyň Günbataryň girizen ykdysady sanksiýalaryndan gutulmagyna kömek etmek ähtimallygy baradaky aladalar arasynda, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden öz milli howpsuzlyk geňeşçisini hytaý resmisi bilen duşuşmak üçin Rime iberdi.

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Jeýk Suliwan 14-nji martda Hytaýyň ýokary derejeli diplomaty Jang Jieçi bilen duşuşar. Eger-de Moskwanyň ykdysady sanksiýalardan gutulmagyna kömek etse, Pekin munuň netijeleri bilen “hökman” ýüzbe-ýüz bolar diýip, Suliwan duýdurdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken hem ukrain kärdeşi Dmitro Kuleba bilen Russiýanyň çozuşyny duruzmak üçin diplomatik tagallalary ara alyp maslahatlaşdy diýip, Döwlet departamenti aýtdy.

Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ned Praýs Blinkeniň "Ukrainanyň halkyna we hökümetine goldaw bildrmek, Russiýa Federasiýasynyň ukrain şäherlerine edýän we barha kän asuda adamyň ölümine sebäp bolýan hüjümlerini ýazgarmak üçin” Kuleba bilen 13-nji martda, telefonda gürleşendigini aýtdy.

Şeýle-de olar Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň “saýlan urşuny” duruzmak üçin alnyp barylýan diplomatik tagallalary maslahatlaşdylar, Blinken öz gezeginde “Birleşen Ştatlaryň Kremliň gazaply agressiýasyndan goranmakda Ukraina bilen berk raýdaşdygyny nygtady”.

XS
SM
MD
LG