Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Ukrainadan çykan bosgunlaryň sany 3 milliona golaýlady


Ukrain bosgunlary
Ukrain bosgunlary

Russiýanyň Ukraina sebäpsiz çozmagyndan bäri geçen üç hepdäniň dowamynda 3 million töweregi ukrain öz ýurduny terk etmäge mejbur boldy. Bu barada 15-nji martda BMG-niň Migrantlar boýunça halkara guramasy (IOM) mälim etdi.

Russiýa parahat ilaty nyşana alýandygyny inkär edýär. Moskwa öz hereketlerini Ukrainany ýaragsyzlandyrmak we öz sözi bilen aýdylanda “denasifikasiýa” etmek boýunça “ýörite harby operasiýa” atlandyrýar.

Ukraina we onuň Günbatar ýaranlary munuň demokratik bir ýurda hüjüm etmek üçin Moskwanyň esassyz bahanasy bolandygyny belleýärler.

Maglumata görä, bosgunlaryň 150 müň töweregi beýleki döwletleriň raýatlarydyr. Bellesek, Azatlyk Ukrainadaky uruşdan gaçyp goňşy ýurtlara çykan türkmen raýatlary, hususanda studentleri barada, olaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri boýunça yzygiderli habar berip gelýär.

BMG-niň Bosgunlar boýunça edarasynyň (UNHCR) maglumatyna görä, Ukrainadan gaçyp çykanlaryň aglabasy Polşa geçdi. Polşanyň serhet gullugy uruş başlanandan bäri 1,83 million ukrain bosgunynyň gelendigini mälim etdi.

Bosgunlar şeýle-de Rumyniýa, Moldowa, Wengriýa we Slowakiýa hem geçýärler. Olaryň uly bölegi Günbatar Ýewropa geçmek ugrunda hem tagalla edýärler.

XS
SM
MD
LG