Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň aňtaw gullugy: Ukrainadaky uruşda Russiýa 7000 rus esger ýitirdi


Ukraina garşy harby hüjüme başlaly bäri geçen wagt içinde Orsýetiň ýedi müňden gowrak rus harby gullukçysy wepat boldy.

Bu Yrakda we Owganystanda bolan söweşlerde 20 ýylyň dowamynda ölen amerikan esgerleriniň umumy sanyndan has köp diýip, “Nýu-Ýork Taýms” gazeti ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

Gazetiň habaryna görä, uruşda şu wagta çenli 14,000 bilen 21,000 aralygynda rus esgeri ýaralanypdyr. Ukrainanyň çäginde ýaýbaňlandyrylan urşa jemi 150,000-e çenli rus harbysy gatnaşýar diýip, “Nýu-Ýork Taýms” gazetiniň habarynda bellenýär.

Çeşmeler rus goşunynyň ýitgileri baradaky görkezijiniň takmynandygyny we açyk çeşmeleriň, emeli hemra suratlarynyň, şol sanda Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň maglumatlary esasynda taýýarlanylandygyny belleýärler.

Ukrain häkimiýetleri uruş başlanaly bäri Russiýanyň tas 14 müň esgerini ýitirendigini aýtsa, Russiýanyň Goranmak ministrligi ukrain tarapynyň 18 müňden gowrak esger ýitirendigini öňe sürýär.

Uruş wagtynda garşydaş taraplaryň aýdan sanlaryny garaşsyz ýagdaýda barlamak mümkin görünmeýär.

XS
SM
MD
LG