Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropanyň Adam hukuklary kazyýeti Russiýa garşy şikaýatlara seretmegi bes etdi


Adam hukuklary boýunça Ýewropa kazyýeti
Adam hukuklary boýunça Ýewropa kazyýeti

Adam hukuklary boýunça Ýewropa kazyýeti Russiýa garşy başlanan kazyýet işlerine garamagy togtatdy we indiden beýläk rus raýatlarynyň beren şikaýat arzalaryna seretmez. Bu karara kazyýetiň Russiýanyň Ýewropa geňeşinden çykarylmagynyň kanuny netijelerine baha bermezinden ozal gelindi.

Russiýa Ýewropa geňeşinden 16-njy martda çykaryldy. Bu seneden soň ýurtda Adam hukuklary boýunça Ýewropa konwensiýasynyň bozulmagy sebäpli edilen şikaýatlara seredilmez diýlip çaklanylýar.

Eger-de Russiýanyň özi Geňeşden çekilen bolanlygynda, kazyýetiň ygtyýarlyklary 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli dowam ederdi diýip, habarda bellenilýär.

Russiýanyň Ýewropa geňeşinden çykarylmagyna ikinji gün Geňeşiň Parlament assembleýasy ses berdi.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow üçünji gün RBK teleýaýlymyna beren interwýusynda Moskwanyň Ýewropa Geňeşinden we Adam hukuklary baradaky Ýewropa konwensiýasyndan çykmagyň rus raýatlarynyň hukuklaryna täsir etmezliginiň aladasyny edýändigini aýtdy.

Federasiýa Geňeşiniň konstitusiýa kanunçylygy komitetiniň başlygy Andreý Klişas raýatlary öz hukuklaryny goramak üçin rus kazyeýtlerine has işjeň ýüz tutmaga çagyrdy diýip, döwlet eýeçiligindäki ТАСС habar gullugy habar berýar.

XS
SM
MD
LG