Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada weýran edilen raýat obýektleriniň kartasy çap edildi


2022-nji ýylyň 9-njy martynda Mariupolyň çaga dogrulýan öýünde bolan partlamanyň netijeleri
2022-nji ýylyň 9-njy martynda Mariupolyň çaga dogrulýan öýünde bolan partlamanyň netijeleri

"Bellingcat" halkara derňew topary Ukrainanyň çägindäki weýran edilen raýat desgalarynyň interaktiw kartasyny neşir etdi.

"Bellingcat" maglumatlar toplumyna diňe "fotosurat we wideo düşürilen wakalaryň" degişlidigini aýtdy. Olaryň arasynda "ýaşaýyş ýerlerine raketa urmagy, raýat infrastrukturasynyň weýran bolmagy, ýaralanan raýatlaryň ýa-da asuda ilatyň ýatan jesetleriniň suratlary" bar. Maglumatda ýüzlerçe "waka" hasaba alyndy. Şeýle hem, asuda ilata zeper ýetiren ok-därileriň sanawy görkezilýär.

Derňew topary "weýrançylyklary resminamalaşdyrmagyň, rus häkimiýetleriniň asuda ilata hüjüm etmek we raýat infrastrukturasyna zarba urmak islemeýändikleri baradaky sözlerini aýdýarka, iňňän möhümdigini" nygtalýar.


Russiýanyň Ukraina ýaragly çozmagy 24-nji fewralda Prezident Wladimir Putiniň buýrugy bilen başlandy. Ol Kremliň hereketlerini NATO-nyň Ukrainany ruslara garşy postuna öwürmek isleýändigi bilen delillendirdi. Ukraina we NATO muny ret edýär. Putin Demirgazyk Atlantik harby bileleşigine goşulmakdan ýüz öwürmekden başga-da, Krymy we “DNR” we “LNR” regionlary garaşsyz diýip ykrar etmekden başga-da, Ukrainadan "ýaragsyzlandyrmagy" we "milletparazlykdan" el çekmegi talap edýär.

Häzirki wagtda söweşde ölenleriň takyk sanyny kesgitlemek mümkin däl, ýöne ýokary ähtimallyk bilen on müňlerçe harby we parahat ilat hakda gürrüň gidýär.

XS
SM
MD
LG