Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Si Szinpine rus maddy goldawynyň netijeleri barada duýduryş berdi


Jo Baýden bilen Si Szinpiniň arasynda söhbetdeşlik. 2021-nji ýylyň 15-nji noýabry
Jo Baýden bilen Si Szinpiniň arasynda söhbetdeşlik. 2021-nji ýylyň 15-nji noýabry

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Hytaýyň lideri Si Szinpin bilen iki sagat töweregi telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi, Ukrainadaky ýagdaý ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Prezident, Hytaýyň Ukrainanyň şäherlerine we asuda ilatyna rehimsiz hüjümleri amala aşyran Russiýa maddy goldaw berilse, netijeleriniň nähili boljakdygy barada jikme-jik maglumat berdi. Ine, şuňa biz hem syn ederis, bütin dünýä hem syn eder diýdi" - diýip Ak Tamyň metbugat wekili Jen Psaki aýtdy.

"Roýter" habar gullugynyň ozal habar berşi ýaly Hytaýyň prezidenti söhbetdeşlikde konfliktleriň we gapma-garşylyklaryň hiç kimiň bähbidine däldigini aýdypdyr. Si Szinpin: "Ukrainadaky krizis biziň görmek islemeýän zadymyz" diýip belläpdir.

Rus goşunlary 24-nji fewralda Ukraina çozup başladylar. Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin muny Ukrainany "ýaragsyzlandyrmak" we "milletparazlykdan boşatmak" üçin ýörite harby operasiýa diýip atlandyrdy. BMG agza ýurtlaryň köpüsi bolup geçýän wakalary rus agressiýasy diýip hasaplaýarlar. Urşuň üç hepdesinde Ukrainanyň köp şäherine hüjüm edildi, ýurduň çäginiň bir bölegini rus goşunlary basyp aldy. BMG-nyň soňky maglumatlaryna görä, uruş sebäpli Ukrainada 800-den gowrak parahat ilat öldi - bu sanlar hakykatda has köp. Onlarça şäherde jaýlar, mekdepler, hassahanalar we beýleki desgalar ýykyldy.

XS
SM
MD
LG