Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Zelenski Ukrainanyň 'aman galyp-galmazlygyň gyrasynda' durandygyny duýdurýar


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski, 21-nji mart.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 22-nji martda, rus güýçleriniň infrastruktura we raýat nyşanalaryna urýan dyngysyz zarbalarynyň dört hepde bäri dowam etdirilmegi netijesinde, Mariupol üstündäki söweşiň möwjemegi bilen, öz ýurdunyň “agyr howp astynda, aman galyp-galmazlygyň gyrasynda durandygyny” duýdurdy.

Uruş jenaýatlary baradaky aýyplamalaryň arasynda, ukrain prezidentiniň gepleşikler baradaky teklibini gaýtalamagy we Kremliň tabyn bolmak baradaky talabyna garşy çykmagy bilen, ukrain güýçleri we Mariupolyň ýaşaýjylary, hökümetiň sözleri bilen aýdylsa, rehimsiz rus hüjümlerine "gahrymançylykly" gaýtawullaryny dowam etdirýärler.

Mariupolyň goragçylary 21-nji martda edilen ganly hüjümiň öňüni almak üçin darkaş gurýan wagtynda, rus goşunlary bu we beýleki ýerlere, şol sanda Kiýewe edýän hüjümlerini güýçlendirip we giňeldip, paýtagtdaky söwda merkezine we golaýdaky ýaşaýyş jaýyna uran howa zarbalarynda azyndan sekiz adamyň ölmegine sebäp boldy.

Prezident Wolodymyr Zelenski Moskwany öz ýurduny “ýok etmek” synanyşygynda aýyplady. Ol Russiýanyň Mariupolda tabyn bolmak baradaky ultimatumyny ret edip, Ukrainanyň öz strategiki portundan ýa beýleki şäherlerinden, şol sanda Harkowdan we Kiýewden hiç wagt çekilip bilmejekdigini aýtdy.

"Ukraina rus talaplaryny ýerine ýetirip bilmeýär. Ozaly bilen biz ýok edilmeli, soň olaryň talaby ýerine ýetirilip biler" diýip, Zelenski 21-nji martda aýtdy.

Ol Russiýanyň Ukrainanyň esasy şäherlerini "tabşyrmagyny" isleýändigini, ýöne ukrain halkynyň-da, prezident hökmünde özüniň-de bu talaby ýerine ýetirip bilmejekdigini aýtdy.

Zelenski 21-nji martda “Suspilne” internet habar saýty bilen geçirilen söhbetdeşlikde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen urşy togtatmak üçin "islendik formatda" duşuşmak barada edýän talabyny gaýtalady.

"Meniň pikirimçe, bu duşuşyk bolmasa, olaryň urşy duruzmak üçin nämä taýýardyklaryna doly düşünmek mümkin däl" diýip, Zelenski ruslar bilen gelinjek islendik eglişige ozaly bilen ukrain halkynyň referendumynda serediljekdigini hem sözüne goşdy.

Russiýa soňky iki hepdäniň dowamynda Azow deňziniň boýunda ýerleşýän möhüm portuň, Mariupol şäheriniň daşyny gabamaga çalyşdy. Bu şäher Moskwanyň 2014-nji ýylda basyp alan Krym sebiti bilen gündogar Ukrainanyň, Kreml tarapyndan goldanýan separatistleriň dolandyrýan territoriýasynyň arasynda baglanyşyk gurmak üçin zerur.

Ýerli häkimiýetleriň berýän maglumatyna görä, Mariupolda azyndan 2300 adam öldi we olaryň käbiri köpçülikleýin mazarlarda jaýlandy.

ABŞ harbylary 21-nji martda rus güýçlerini Ukraina edýän ganly hüjümlerinde uruş jenaýatlaryna baş goşmakda aýyplady.

"Rus güýçleriniň uruş jenaýatlaryna ýüz urýandyklaryny tassyklaýan aýdyň subutnamalary görýäris we biz ol subutnamalary toplamaga kömek edýäris" diýip, Pentagonyň metbugat sekretary Jon Kirbi metbugat ýygnagynda eden çykyşynda aýtdy.

Häkimiýetler Russiýanyň gabawdaky şäheriň ir sagat 5-e çenli tabym bolmak barada beren ultimatumyny ret edenden soň, Ukrainanyň Goranmak ministri Oleksiý Reznikow Mariupolyň goragçylaryny "gahryman" atlandyryp, bu ýerde hiç hili "boýun egmek meselesiniň düýpden ýokdugyny” aýtdy.

Reznikow şäher goragçylarynyň berýän gaýtawulynyň rus goşunynyň ilerlemesini haýalladýandygyny we beýleki ukrain şäherlerini ele geçirmek synanyşygyny puja çykarýandygyny aýtdy.

"Olaryň ygrarlylygy we adatdan daşary gaýduwsyzlyklary sebäpli Ukrainada on müňlerçe adamyň jany halas edildi. Häzirki wagtda Mariupol Kiýewi, Dniprony we Odesany halas edýär" diýip, ol aýtdy.

Uruşdan öň 400 müň ilaty bolan Mariupolyň ýaşaýjylary soňky iki hepde bäri, rus güýçleriniň hüjümi astynda iň esasy zerurlyklaryndan, azyk bilen suwdan, ýangyçdan hem mahrum edildi.

20-nji martda paýtagtyň demirgazyk-günbatar çetindäki Retrowil söwda merkezine urlan howa zarbalary Kiýewde azyndan sekiz adamyň ölümine sebäp boldy.

Kiýewiň Podil etrabyndaky köp gatly we beýik ýaşaýyş jaýlarynyň arasynda ýerleşen söwda merkezi 21-nji martda, irdenem tüsseläp durdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň ýerli habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjy özüniň bu ýerden 1 km uzaklykda ýaşaýandygyny, ýöne bu bina urlan howa zarbasyndan öz ýaşaýan jaýynyň hem sarsyp gidendigini gürrüň berdi.
“Men entek ýeriň beýle silkinişini görmändim. Bu gaty güýçli partlama boldy” diýip, ol aýtdy.

“Olar meniň şäherimi ýok edýärler. Olar meniň ýaşaýan ýerimi ýumurýarlar” diýip, ol adam sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu hüjümden birnäçe sagat soň, ukrain paýtagtynyň häkimi Witaliý Kliçko 21-nji martda ir sagat 8-de güýje girjek 35 sagatlyk komendant sagadyny yglan etdi.

Polşa we Baltika ýurtlary, ÝB-niň Russiýanyň nebit we gaz importlaryna hem gadaganlyk girizmek bilen, has berk sanksiýalaryň girizilmegini talap edýär. Emma rus gazyna ep-esli derejede garaşly bolan Germaniýa we käbir beýleki ýurtlar muňa razy bolmaýar.

Şu aralykda Russiýa özüniň sesden ýüwrük täze raketasyny Ukrainadaky wajyp nyşanalarda ilkinji gezek ulanandygyny aýdyp, günbataryň giň ýazgarmalaryna sebäp boldy. Emma Moskwa, düýpli subutnamalara, ýurduň 44 million ilatynyň 10 milliona golaýynyň öz ýaşaýan jaýlaryndan gaçyp çykmaga mejbur bolandygyna garamazdan, harby däl nyşanalary oka tutýandygy baradaky aýyplamalary ret edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG