Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň ilçihanasy gyrgyzystanly esgeriň Ukrainada ölendigini tassyklady


Russiýanyň Gyrgyzystandaky ilçihanasy
Russiýanyň Gyrgyzystandaky ilçihanasy

Russiýanyň Gyrgyzystandaky ilçihanasy öz telegram kanalynda Gyrgyzystanda doglan ýigidiň Ukrainadaky söweşde ölendigini tassyk etdi.

"Russiýanyň gyrgyz asylly raýaty, RF-nyň Ýaragly güýçleriniň hatarynda şertnama esasynda gulluk edýän esger Dorboýew Egemberdi Bekkazymowiç Ukrainany ýaragsyzlandyrmak we nasissizleşdirmek üçin guralan ýörite harby operasiýa wagtynda söweşjeň tabşyrygy ýerine ýetirende gahrymanlarça wepat boldy” diýip, ilçihananyň beýanatynda aýdylýar.

Diplomatiki wekilhana ýogalan esgeriň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirdi. Rus habar serişdelerinde peýda bolan habarda aýdylmagyna görä, Dorboýew 8-nji martda öldürildi.

22-nji martda onuň Yssykköl oblastynda doglandygy we kemala gelendigi habar berildi.

XS
SM
MD
LG