Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşa Russiýanyň 45 diplomatyny ýurtdan kowmakçy bolýar


Polşanyň aňtaw gullugy 23-nji martda Warşawadaky Daşary işler ministrliginden 45 sany rus diplomatynyň ýurtdan çykarylmagyny sorady.

Polşanyň içalyçylyga garşy gullugy ABW-niň metbugat sekretary Stanislaw Zarynyň sözlerine görä, ol diplomatlar Moskwanyň gizlin gullugynyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde güman edilýär.

Zaryn žurnalistlere "Içerki howpsuzlyk gullugy Polşada diplomatik wekilhanalary penalap işleýän 45 adamyň sanawyny düzdi" diýdi we ol adamlaryň Polşany nyşana almakda güman edilýändigini sözüne goşdy.

"ABW materiallary kesgitlenen ofiserleriň we olar bilen hyzmatdaşlyk edýänleriň alyp barýan işleriniň rus aňtaw gullugynyň işine gulluk edýändigini we Polşa Respublikasynyň we onuň hyzmatdaşlarynyň halkara arenasyndaky durnuklylygyna gönükdirilip, Polşanyň bähbitlerine we howpsuzlygyna wehim salýandygyny subut edýär” ABW beýannamasynda aýdylýar.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi bu göçüm babatynda garşylykly jogap beriljekdigini duýdurdy diýip, Nowosti habar gullugy 23-nji martda aýtdy.

XS
SM
MD
LG