Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Moskwany asuda adamlary Russiýa deportasiýa etmekde aýyplaýar


Ukrainanyň adam hukuklary bovunca ygtyýarly wekili Lýudmila Denisowa
Ukrainanyň adam hukuklary bovunca ygtyýarly wekili Lýudmila Denisowa

Ukrainanyň adam hukuklary bovunca ygtyýarly wekili Lýudmila Denisowa Moskwany Ukrainanyň weýran edilen şäherlerinden çykmaga çalyşýan ýüzlerçe müň adamy mejbury ýagdaýda Russiýa iberip, soň olary Kiýewiň boýun egmegine basyş etmek üçin ulanmak niýetinde aýyplaýar.

Denisowa 25-nji martda 402,000 adamyň, şol sanda 84,000 çaganyň, öz isleglerine garşy ýagdaýda, Russiýa alnyp gidilendigini, olaryň Moskwa tarapyndan “zamun” alnyp, Ukrainanyň boýun egmegi üçin ulanylmagynyň ähtimaldygyny aýtdy.

Kreml ýaşaýan ýerlerinden başga ýerlere iberilen adamlaryň Russiýa gitmek isländigini aýtdy. Ukrainanyň separatistleriň gözegçiligindäki gündogar sebitlerinde ýaşaýan adamlar esasan rus dilli bolup, olaryň belli bir bölegi Moskwa bilen ýakyn gatnaşyklary goldaýar.

Rus polkownigi Mihail Mizintsewiň sözlerine görä, harby hereket başlanaly bäri Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk we Luhansk sebitlerinden, Moskwa tarapdar seperatistleriň ukrain güýçlerine garşy tas sekiz ýyl bäri söweşýän ýerlerinden takmynan 400,000 adam Russiýa ewakuasiýa edildi.

Rus häkimiýetleri Ukrainadan alnyp gidilen adamlara ýaşaýyş jaýynyň we kömek pulunyň berilýändigini aýtdy.

Emma Donetsk sebitiniň gubernatory Pawlo Kyrylenko "adamlar agressor döwletiň çägine zor bilen göçürilýär" diýdi.

Denisowa rus goşunlary tarapyndan göçürilen adamlaryň arasynda Mariupoldan Russiýanyň günortasyndaky Taganrog şäherine gitmäge mejbur bolan 92 ýaşly bir aýalyň hem bardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG