Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý metbugaty: Pekin bilen Aşgabat harby hyzmatdaşlygy berkider


 Hytaýyň goranamak ministri Wei Fenghe rus kärdeşi Sergeý Şoýgu bilen. Arhiw suraty, 13-nji awgust, 2021
Hytaýyň goranamak ministri Wei Fenghe rus kärdeşi Sergeý Şoýgu bilen. Arhiw suraty, 13-nji awgust, 2021

Hytaý strategiki aragatnaşygy mundan beýläk-de ösdürmek, dürli ugurlarda amaly harby hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we iki ýurduň arasynda umumy gelejege gönükdirilen has ýakyn jemgyýet gurmakda edilýän bilelikdäki tagallalara goşant goşmaga taýýar diýip, Hytaýyň döwlet geňeşçisi we goranmak ministri Wei Fenghe aýtdy diýip, hytaý mediasy 25-nji martda habar berdi.

Wei bu sözleri Türkmenistanyň goranmak ministri Begenç Gündogdyýew bilen geçiren wideo söhbetdeşliginde aýtdy. Ol soňky ýyllarda ikitaraplaýyn harby hyzmatdaşlygyň çäginde ýokary derejelerdäki aragatnaşyk, hünär tejribelerini alyşmak we tälim beriş ugurlary boýunça gazanylan ilerlemeleri gözden geçirdi diýip, habarda bellenýär.

Hytaý resmisiniň sözlerine görä, Pekin Türkmenistan bilen gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýär we, halkara ýagdaýlarynyň üýtgemegine garamazdan, merkezi aziýa ýurdunyň ýakyn dosty we ygtybarly hyzmatdaşy bolup galar.

Gündogdyýew kärdeşini Pekiniň 2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynda we paralimpiýa oýunlarynda gazanan üstünlikleri bilen gutlady; Türkmenistanyň Hytaý bilen dostlukly hyzmatdaşlygyna ygrarly boljakdygyny, ikitaraplaýyn ykdysady we söwda alyş-çalyşlaryny, goranyş meselelerindäki hyzmatdaşlygy, iki ýurduň we olaryň harby güýçleriniň arasyndaky gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmak tagallalaryny dowam etdirjekdigini aýtdy diýip, hytaý mediasynyň habarynda bellenýär.

Türkmen mediasy häzirlikçe bu söhbetdeşlik barada habar bermedi.

XS
SM
MD
LG