Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski Türkiýede geçiriljek gepleşikleriň öňünden 'toprak eglişigini' etmejekdigini aýtdy


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski şu hepde Russiýa bilen Türkiýede geçiriljek gepleşiklerden ozal öz ýurdunyň territorial bitewiligi meselesinde eglişik etmejekdigini aýtdy.

Gepleşiklerde Ukrainanyň ileri tutýan ugurlary "özygtyýarlylyk we territorial bitewilik" bolar diýip, Zelenskiý 27-nji mart agşamy öz halkyna eden ýüzlenmesinde aýtdy.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 27-nji martda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen geçirilen söhbetdeşlikde Moskwa bilen Kiýewiň arasyndaky gepleşiklere Ankaranyň beýemçilik etmegine razylyk berdi we atyşygy bes etmäge, ynsanperwer koridorlary üçin has gowy şert döretmäge çagyrdy diýip, prezident edarasy aýtdy.

Britaniýanyň harby aňtaw gullugynyň 28-nji martda beren habaryna görä, Ukrainadaky rus güýçleriniň ýerleşişinde soňky 24 sagadyň dowamynda uly bir üýtgeşiklik görünmedi. Emma muňa garamazdan, strategiki porty ele geçirmek tagallalarynyň çäginde, Russiýa günortada, Mariupolyň töwereginde has köp ýer alana meňzedi diýip, habarda aýdylýar.

Ukrainanyň harby aňtaw gullugynyň başlygy Kirilo Budanow Russiýany Ukrainany Demirgazyk we Günorta Koreýa ýaly iki bölege bölmek synanyşygynda aýyplady.

Luhanskdaky separatist lideri 27-nji martda bu sebitiň Russiýa goşulmak barada referendum geçirmeginiň ähtimaldygyny aýtdy.

Zelenski öz hökümetiniň bitaraplygy yglan etmek we Russiýa howpsuzlyk kepilligini hödürlemek barada oýlanjakdygyny aýdyp, ozalky beýanatlaryny gaýtalady.

Bu Ukrainanyň ýadro ýaragsyz bolup galmagyny hem öz içine alar diýip, ukrain prezidenti aýtdy.

XS
SM
MD
LG