Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Roskomnadzor” Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň rus dilindäki saýtlaryny petikleýär


Azatlyk radiosynyň rus dilindäki saýtyndan alnan surat
Azatlyk radiosynyň rus dilindäki saýtyndan alnan surat

Russiýa Federasiýasynyň Baş prokuraturasynyň 26-njy martdaky talaby boýunça, Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň rus dilindäki web sahypalarynyň azyndan üçüsine girmek çäklendirilýär.

Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine gözegçilik edýän “Roskomnadzor” Russiýanyň çäginde Azatlyk radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin rus dilinde habar çap edýän saýtlaryny, Radio Azattyk (Gazagystan), Azatlyk Radiosy (Türkmenistan), Ozodi Radio (Täjigistan) neşirlerini petikledi.

Russiýanyň garaşsyz metbugat neşiri “Mediazona” bu habary “Roskomnadzora” salgylanyp çap etdi.

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina goşun süreli bäri rus häkimiýetleri köp sanly maglumat çeşmesini, şol sanda Azatlyk radiosynyň web sahypalaryny we birnäçe taslamasyny petiklediler.

Rus harbylarynyň işi barada häkimiýetler tarapyndan ynamdar hasaplanylmadyk ‘galp’ maglumatlary ýaýratmak üçin uzak möhletleýin türme tussaglygyny nazarda tutýan täze kanunyň çykarylmagy bilen, bir topar neşir Ukraina barada habar bermegini wagtlaýynça togtatdy ýa-da bes etdi.

“AÝ/AR-nyň rus dilindäki saýtlary Merkezi Aziýadaky rus dilli diňleýjileriň, şeýle-de bu sebitlerden gelip, Russiýada işleýän we ýaşaýan adamlaryň habar, maglumat almagy üçin wajyp rol oýnaýar” diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Jeými Flaý aýtdy.

Emma Kremliň Ukrainadaky betbagtçylykly uruş babatynda habar berýän ähli garaşsyz maglumat serişdelerine senzura girizmek üçin edýän aýylganç tagallalary indi olara hem täsir etdi. Biz öz berýän habarlarymyzyň mazmunyny senzura sezewar etmeris we özmiziň gepleşik berýän 27 dilimiziň ählisinde diňleýjilerimize hakykaty aýtmagy dowam etdireris "diýip, Flaý sözüniň üstüni ýetirdi.

Russiýada “Mediazona” hem petiklengi, BBC, “Nýu-Ýork Taýms” ýaly meşhur metbugat serişdeleri işlerini bes etdi.

“Roskomnadzor” mundan öň nemes neşiri “Bildiň” web sahypasyny, Ukrainadaky uruş barada galp habar ýaýratmakda aýyplanan rus žurnalisti Aleksandr Newzorowyň çyykyşlaryny hem petikledi.

XS
SM
MD
LG