Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Slowakiýa Zelenskini "azatlyk we umyt" üçin Dubçek baýragy bilen sylaglaýar


Prezident Waslaw Hawel Aleksandr Dubcek bilen. Arhiw suraty
Prezident Waslaw Hawel Aleksandr Dubcek bilen. Arhiw suraty

Slowakiýa Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskini ýurduň iň ýokary döwlet baýraklaryndan biri, "azatlygy we umydy" alamatlandyrýan, Aleksandr Dubçegiň hormatyna döredilen ýokary döwlet sylagy bilen sylaglady.

“Putin Ukrainada Sowet Soýuzynyň 1968-nji ýylda Çehoslowakiýada eden hereketini gaýtalamak kararyna geldi. Ol adamlaryň demokratiýa bolan islegini basyp ýatyrmak üçin harby güýç ulanýar - bu kabul ederliksiz! ” diýip, Slowakiýanyň premýer ministri Eduard Heger 27-nji martda twitterde ýazdy.

1968-nji ýylda, Sowet Soýuzynyň ýolbaşçylygyndaky Warşawa şertnamasynyň goşunlary Praga baharyny basyp ýatyrmak üçin ýurda çozup giren wagtynda Dubçek Çehoslowakiýanyň reformaçy lideri bolup, metbugata girizilen senzurany ýeňilleşdirmek we söz azatlygyna girizilen çäklendirmeleri ýatyrmak tagallalaryny edýärdi.

XS
SM
MD
LG