Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

WSJ we Bellingcat: Abramowiç we ukrain wekiliýetiniň iki agzasy zäherlenme alamatlaryny görkezdi


 Rus milliarderi Roman Abramowiç
Rus milliarderi Roman Abramowiç

"The Wall Street Journalyň" ýagdaýy gowy bilýän çeşmelere salgylanyp ýazmagyna görä, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky gepleşiklere gatnaşýan rus milliarderi Roman Abramowiçde we ukrain delegasiýasynyň iki agzasynda zäherlenme alamatlary peýda boldy.

Bu maglumaty “Bellingcat” hem tassyk etdi.

Olaryň maglumatlaryna görä, 4-nji mart agşamy Kiýewde Russiýanyň wekiliýeti bilen gepleşiklere gatnaşan üç adam himiki madda bilen zäherlenmegiň alamatlaryny duýdy.

"The Wall Street Journal" gazetiniň habaryna görä, Roman Abramowiç we ukrain gepleşik toparynyň iki agzasy şol gije gözlerinde ýiti agyry duýupdyr, olaryň ellerinde we ýüzlerinde deri çişleri peýda bolupdyr.

Bolan wakanyň jikme-jiklikleri bilen tanyş bolan çeşme hatda Abramowiçiň birnäçe sagatlap hiç zat görüp bilmändigini hem gürrüň berdi.

Gepleşikçiler topary ertesi gün, näresmi gepleşikleri dowam etdirmek üçin, Kiýewden Lwowa, soň Polşa we Stambula gitdi, Abramowiç we ukrain delegasiýasynyň wekili Rüstem Umerow ýerli klinikada bejergi aldy diýip, gazet belleýär.

"The Wall Street Journalyň" çeşmeleriniň maglumatyna görä, Abramowiç bilen duşuşan ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskä zeper ýetmedi. Prezidentiň metbugat sekretary bu maglumatlary tassyklady.

XS
SM
MD
LG