Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski awstraliýaly kanun çykaryjylary Russiýa garşy sanksiýalaryň has köpeldilmegine çagyrýar


Prezident Wolodymyr Zelenski
Prezident Wolodymyr Zelenski

Prezident Wolodymyr Zelenski 31-nji martda Awstraliýanyň parlamentine ýüzlenip, Moskwa esasyz başlan urşy sebäpli edilýän basyşy güýçlendirmek üçin, Russiýa garşy täze we has berk sanksiýalaryň zerurdygyny aýtdy.

Eger-de Russiýa jogapkärçilige çekilmese, “şuňa meňzeş islegli” döwletleriň köpelmegi we dünýäniň beýleki ýerlerine hem howp salmagy mümkin diýip, Zelenski öz wideo ýüzlenmesinde duýdurdy.

2014-nji ýylda Krymy anneksiýa edende we gündogar Ukrainadaky separatistlere goldaw berende jezalandyrylan bolsa, Russiýa, belki-de, bu çozuşa hiç wagt het edip bilmezdi diýip, Ukrainanyň prezidenti aýtdy.

Zelenski Russiýany “ýadro haýbaty” bilen gorkuzmakda aýyplady we Moskwanyň jogapkärçilige çekilmegi üçin has köp işiň edilmelidigini aýtdy.

Awstraliýanyň hökümeti Ukraina ýene 25 million dollar harby goldaw berjekdigini mälim etdi.

"Awstraliýanyň halky siziň aman galmak ugrundaky söweşiňizde Ukraina bilen bile” diýip, Awstraliýanyň premýer-ministri Skott Morrison Zelenskä ýüzlenip aýtdy. "Hawa, siz biziň doga-dileglerimizi, ýöne ýaraglarymyzy hem alarsyňyz” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Awstraliýanyň Ukraina berjek goşmaça kömegi bu ýurduň Kiýewe şu wagta çenli beren harby ýardamyny $116 milliona ýetirer.

Awstraliýa şu wagta çenli 443 adama, şol sanda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine ýakyn telekeçilere we kärhanalara garşy jemi 476 sanksiýa girizdi.

XS
SM
MD
LG