NATO rus goşunlarynyň Ukrainada täze hüjümlere taýýarlanýandygyny çaklaýar. Kiýewiň etegindäki goşunlary yza çekmek hakykatda yza çekilmek däl-de, güýçleri gaýtadan jemlemek bolup görünýär diýip, goranyş guramasynyň baş sekretary Ýens Stoltenbergiň aýdan sözleri 31-nji martda, Germaniýanyň “Spiegel” žurnalynda sitirlendi.
Stoltenberg NATO-nyň aňtaw maglumatlaryna salgylanyp, rus goşunlarynyň yza çekilmeýändigini, täze pozisiýalara geçirilýändigini aýtdy. Moskwa olary Donbasa hüjüm üçin täzeden jemlemäge, güýçlendirmäge we gaýtadan enjamlaşdyrmaga synanyşýar.
"Biz [Ukrainanyň halkyna] has köp ejir çekdirjek täze hüjüm operasiýalarynyň geçirijegini güman edýäris" diýip, Stoltenberg aýtdy.
Russiýa ikinji gün Ukrainanyň demirgazygyndaky Çernigow bilen Kiýew etraplaryndaky harby çärelerini düýpli azaltjakdygyny yglan etdi.
Emma muňa garamazdan, goşunyň yza çekilmegi bilen bir hatarda, Moskwa howa zarbalaryny ýygjamlatdy we ýurduň günortasyndaky Mariupola edýän hüjümlerini öňküsinden hem güýçlendirdi.
Stoltenbergiň sözlerine görä, dowam edýän parahatçylyk gepleşiklerine garamazdan, NATO Moskwanyň goňşy ýurtda başlan harby operasiýasynda öňde goýan wezipelerinden el çekmeýär diýen netijä gelýär.
Ukrainanyň Goranmak ministrligi dördünji gün Russiýanyň esasy tagallalaryny Donetsk we Luhansk sebitlerini doly gözegçilige almak wezipesine gönükdirýändigini aýtdy.
“La Repubblica” gazetiniň habaryna görä, Italiýanyň premýer-ministri Mario Draghi dördünji gün geçirilen metbugat ýygnagynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen eden telefon gürrüňinden söz açyp, rus lideriniň entek atyşygy togtatmagyň “wagty gelenok” diýendigini aýtdy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.