Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jonson Putini, Russiýany “uruş jenaýatlarynda” aýylaýar, sanksiýalary artdyrjagyny aýdýar


Irpin
Irpin

Britan premýer-ministri Boris Jonson Russiýanyň Kiýewiň golaýyndaky Buça we Irpin şäherlerinde "parahat ilata garşy eden aýylganç hüjümlerinden" soň Moskwa garşy girizilen sanksiýalary artdyrjakdygyny we Ukraina berýän harby kömegini güýçlendirjekdigini aýtdy.

“Men [Russiýanyň prezidenti Wladimir] Putiniň uruş maşynyny aç surnukdyrmak üçin öz ygtyýarymda bar bolan ähli zady ederin” diýip, Jonson 3-nji aprelde aýtdy. “Biz öz sanksiýalarymyzy we harby goldawymyzy artdyrýarys, şeýle-de, mätäçlere ýerinde kömek etmek üçin, iberýän gumanitar kömek bukjalarymyzy ulaldýarys” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ukraina garşy başlan sebäpsiz hüjüminden soň Moskwa garşy berk garşylyk görkezýän Jonson Kiýewiň golaýyndaky ganly hüjümlere salgylanyp, olaryň Russiýanyň Ukrainada uruş jenaýatlaryny edendigini tassyklaýan delildigini aýtdy.

"Russiýanyň Irpinde we Buçada bigünä ilata garşy eden ýigrenji hüjümleri Putiniň we onuň goşunynyň Ukrainada uruş jenaýatlaryny edýändiginiň subutnamasydyr" diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG