Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan "Talybany" göknar ekerançylygyny gadagan edýär


Kandaharly daýhanlar göknar meýdanynda, 3-nji aprel, 2022.
Kandaharly daýhanlar göknar meýdanynda, 3-nji aprel, 2022.

Owganystanyň “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümeti tirýek we beýleki neşe serişdelerini öndürmek üçin ulanylýan göknar ekerançylygyny gadagan etdi.

Iş başyndaky häkimiýetleriň 3-nji aprelde çykaran buýrugynda aýdylmagyna görä, göknar ekinleri ýakylar we ony eken daýhanlar şerigat kanunyna laýyklykda jezalandyrylar.

“Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid bu karary Kabulda toplanan žurnalistleriň ýygnanyşygynda okap berdi.

Şeýle-de, bu buýruk esasynda beýleki neşe serişdeleriniň öndürilmegi, ulanylmagy ýa-da daşalmagy gadagan edilýär.

Owganystan dünýäde tirýek öndürýän ýurtlaryň başyny çekýär we häzir göknar meýdanlary hasyla durdy. BMG-niň hasaplamalaryna görä, 2017-nji ýylda garyp düşen ýurt bu ekinden 1,4 milliard dollar girdeji aldy.

BMG geçen ýyl Owganystanda tirýegiň tapgyr altynjy ýyl rekord hasylynyň alnandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG