Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan prezidente kast etmek synanyşygynyň öňüni alandygyny aýdýar


MHK-nyň saýtynda çap edilen surat
MHK-nyň saýtynda çap edilen surat

Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komiteti 3-nji aprelde Nur-Soltan şäherinde "daşary ýurt aňtaw gullugynyň agentiniň" tussag edilendigini habar berdi.

Komitetiň web sahypasynda çap edilen habarda aýdylmagyna görä, bu operasiýa 25-nji martda geçirildi. Agent diýilýän Gazagystanyň öz raýaty bolup çykdy. Oňa ýurduň prezidenti Kassym-Žomart Tokaýewiň we ýene "birnäçe ýokary derejeli döwlet işgäriniň" janyna kast etmek synanyşygy boýunça aýyplama bildirilýär.

Habarda tassyklanmylmagyna görä, saklanan adama, "Gazagystanda propaganda etmek we sosial ulgamlarda degişli materiallary çap etmek bilen, jemgyýetde ruslara garşy pikir-garaýyş döretmek tabşyrygy” berlipdir.

Emma bu işleriň bir adam ýa-da adamlar topary tarapyndan edilendigi anyklaşdyrylmaýar. Ýöne güman edilýän içalynyň ýanyndan sesiz atylýan mergen tüpeňi, neşe serişdeleri we köp mukdarda dollar tapylypdyr.

"Ýarag Gazagystana gizlinlikde, böleklere bölünip getirildi" diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG