Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hökümet Gazagystandan bikanun çykarylan pullary yzyna getirmegiň aladasyny edýär


Hökümet mejlisi. Arhiw suraty
Hökümet mejlisi. Arhiw suraty

Gazak hökümeti daşary ýurtlara çykarylan maýalaryň yzyna getirilmegini höweslendirmek we ýurtdan bikanun çykarylýan serişdelere garşy gönükdirilen çäreleri güýçlendirmek baradaky teklipleri ara alyp maslahatlaşýar diýip, resmi media habar berýär.

Gazagystanyň premýer-ministri Alihan Smailowyň buýrugy bilen, bu ugurda bäş sany iş topary döredildi.

"Bu iş toparlary serişdeleriň syzyp çykyşyny seljerer, daşary ýurtlara çykarylan maýalaryň yzyna getirilmegini höweslendirmek üçin zerur bolan teklipleri taýýarlar, çäklendiriji çäreleri girizer we çykarylan maýany yzyna gaýtarmak üçin zerur bolan çäreleri görer" diýip, hökümet wep sahypasynda 5-nji aprelde çap edilen habarda aýdylýar.

Premýer-ministriň orunbasary Erulan Žamaýbaýew we ykdysadyýet ministri Alibek Kuantirow Azatlyk radiosynyň Gazak gullugynyň daşary ýurtlara çykarylan serişdeleriň arasynda ozalky prezident Nursoltan Nazarbaýewiň maşgalasyna degişli serişdeler hem bolup bilermi diýen soragyna anyk jogap bermedi.

Olaryň sözlerine görä, döredilen iş toparlary ähli ýagdaýlary anyklar we olar soňra kanun goraýjy edaralar tarapyndan öwreniler.

XS
SM
MD
LG