Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan bilen Azerbaýjan parahatçylyk ylalaşygyna golaýlaýar


Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel 6-njy aprelde Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen duşuşdy.
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel 6-njy aprelde Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen duşuşdy.

Ermenistanyň we Azerbaýjanyň liderleri ikitaraplaýyn “parahatçylyk şertnamasyny” taýýarlamak we Brýusselde Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişeliň beýemçiligindäki täze gepleşiklerde özleriniň umumy araçäklerini kesgitlemek boýunça özara komissiýa döretmek ylalaşygyna geldiler.

"Biziň hemmämiz bilelikde anyk bir prosese başlamak, mümkin bolan parahatçylyk şertnamasyny taýýarlamak we şeýle şertnama üçin zerur bolan ähli elementleri çözmek kararyna geldik" diýip, Mişel 6-njy aprelde Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen geçiren üçtaraplaýyn duşuşygyndan soň žurnalistlere aýtdy.

Bu duşuşyk dört sagatdan gowrak wagt dowam etdi.

Mişel duşuşyk tamam bolan badyna çap eden ýazmaça beýanatynda Alyýew bilen Paşinýanyň Dagly-Garabag konfliktini çözmek üçin töwerekleýin şertnama baglaşmaga örän “ykjam çemeleşjekdiklerini” aýtdy.

Bakuw parahatçylyk şertnamasynyň, birek-biregiň territorial bitewiligini ykrar etmegi goşmak bilen, bäş elemente esaslanmagyny isleýär. Paşinian olaryň Ýerewan üçin prinsipde kabul ederlikdigini aç-açan mälim etdi.

XS
SM
MD
LG