Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan serhet geçelgelerindäki çäklendirmelerini ýatyrýar


Akýol geçelgesi
Akýol geçelgesi

Gazagystan 11-nji aprelde Russiýa, Özbegistan we Gyrgyzystan bilen aradaky serhet geçelgelerinde girizen koronawirus çäklendirmeleriniň ählisini aýyrmagy meýilleşdirýär.

Bu karar koronawirus boýunça iş toparynyň 6-njy aprelde, "ýurtdaky epidemiologiki ýagdaý durnuklaşdy" diýen netijä gelmegi esasynda kabul edildi.

Şeýle-de, Gazagystanyň howa menzillerinde ýurda uçarly gelýän şahslar üçin girizilen çäklendirmeler ýatyrylar. Emma muňa garamazdan, syýahatçylar negatiw synag netijesini ýa-da koronawirusa garşy sanjym edilendigini subut etmeli bolarlar.

Gyrgyz raýatlary Gazagystana 2020-nji ýylyň ýazyndan bäri diňe howa arkaly syýahat edýär we Bişkek soňky döwürde Gazagystanyň serhet gözegçilik nokatlaryny açmagyna çagyrýar.

Russiýa bolsa, koronawirus sebäpli ýapylanyndan iki ýyl soň, 30-njy martda Gazagystanyň serhedindäki barlag nokatlarynda koronawirus çäklendirmelerini ýatyrdy.

XS
SM
MD
LG