Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus çozuşlary ýedinji hepdesine girdi, Ukraina has köp NATO ýaragyny soraýar


Ukrainanyň daşary işler ministri Dmitro Kuleba NATO-nyň başlygy Ýens Stoltenberg bilen
Ukrainanyň daşary işler ministri Dmitro Kuleba NATO-nyň başlygy Ýens Stoltenberg bilen

Wladimir Putiniň Ukrainada başlan esassyz urşunyň 7-nji aprelde ýedinji hepdesine girmegi bilen, Ukrainanyň daşary işler ministri Dmitro Kuleba Kiýewiň, rus güýçlerine garşy durup bilmegi üçin, bu söweşde özüne zerur ýaraglaryň ählisi bilen öz wagtynda üpjün edilmegine çagyrdy.

"Meniň isleg sanawym örän ýönekeý. Onda diňe üç zat bar. Ýaraglar, ýaraglar we ýaraglar" diýip, Kuleba NATO-nyň Brýusseldäki baş edarasynda žurnalistlere ýüzlenip aýtdy.

Ol NATO ýaranlaryndan has köp uçaryň, howa goragy ulgamlarynyň, raketalaryň we harby ulaglaryň iberilmegini sorady.

Şeýle-de Kuleba Ukrainanyň Günbatardan Russiýa garşy nebit-gaz embargosyny girizmek baradaky talabyndan el çekmejekdigini aýtdy.

"Biz doly nebit we gaz embargosyny girizmek baradaky talabymyzy dowam etdireris" diýip, ol NATO-nyň daşary işler ministrleri bilen duşuşygynyň öňüsyrasynda žurnalistler bilen geçiren söhbetdeşliginde aýtdy.

Germaniýanyň daşary işler ministri Annalena Baerbok, “dürli harby ýaraglary” ibermek bilen, NATO-nyň Ukraina berilýän kömegi nädip ýokarlandyrmalydygy barada maslahat edýändigini aýtdy.

"Biz, öz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde, Ukrainany geljekde nädip has ýygjam we has utgaşykly goldap biljekdigimize içgin seredýäris, sebäbi olaryň goranmak hukugy bar we biz dürli-dürli hyzmatdaşlar bilen bilelikde olaryň özlerini goramak hukugyny goldaýarys" diýip, Baerbok NATO ýygnagynda aýtdy.

Ukrain şahyry Taras Şeweçenkonyň heýkeli
Ukrain şahyry Taras Şeweçenkonyň heýkeli

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski öten agşam eden ýüzlenmesinde rus goşunynyň gündogarda täze hüjüm üçin güýç toplanýandygyny duýdurdy. Kreml bu sebitdäki maksadyny Ukrainanyň senagat merkezi bolan Donbasy “azat etmek” bilen düşündirýär.

"Biz söweşeris we yza çekilmeris" diýip, Zelenski aýtdy. “Russiýa çyny bilen parahatçylyga ymtylyp başlaýança, biz özümizi goramak üçin ähli mümkinçilikden peýdalanarys. Bu biziň topragymyz. Bu biziň geljegimiz. Biz olardan el çekmeris” diýip, ukrain lideri nygtady.

Russiýanyň öz duldegşir goňşusynyň üstüne goşun çekip, ukrain şäherlerine alty hepde bäri edýän hüjümleri şu günki güne çenli 4 milliondan gowrak adamyň daşary ýurda gaçmagyna sebäp boldy, müňlerçe adamy öldürdi ýa-da ýaralady, ilatyň dörtden bir bölegini öýsüz-öwzarsyz galdyrdy, şäherleri haraba öwürdi we rus elitasyna hem-de ykdysadyýetine garşy görülmedik sanksiýalaryň girizilmegine alyp geldi.

Şu hepdäniň başynda, Kiýewiň demirgazyk-gündogaryndaky şäheriň, rus basybalyjylaryndan azat edilen Buçanyň köçelerinde öldürilen raýatlaryň hopukdyryjy suratlary peýda bolansoň, bu uruş sebäpli dörän halkara gahar-gazaby hasam ýokarlandy.

Ýerli resmiler rus güýçleriniň diňe Buçada 300-den gowrak adamy öldürendigini, ol adamlaryň 50 çemesiniň jezalandyrylyp öldürilendigini aýdýarlar. Moskwa bu aýyplamalary ret edýär.

Buça pidalary
Buça pidalary

Fransiýanyň daşary işler ministri Žan-Iw Le Drian, Buçadaky gyrgynçylygy galp maglumat hökmünde görkezmäge synanyşan twiti sebäpli, Russiýanyň Pariždäki ilçisini gürleşmek üçin çagyrandygyny aýtdy.

Şu aralykda ukrain häkimiýetleri Donbasda ýaşaýan adamlaryň derrew howpsuz ýere çykmagyna çagyrdy.

"Biraz wagtdan soň adamlar ot açyşlygyň aşagynda galarlar we şondan soň biz olara kömek etmek üçin hiç zat edip bilmeris" diýip, wise-premýeriň orunbasary Irina Wereşçuk 6-njy aprelde aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň anonimlik şerti bilen gürleşen goranmak resmisi Russiýanyň demirgazykdaky Kiýew we Çernihow sebitlerinden goşun çykarmagyny tamamlandygyny, bu ýerden yza çeken 24,000 ýa-da ondan hem köp esgerini Belarusa ýa-da Russiýa iberip, täzeden enjamlaşdyryp, täzeden gurnap, belki-de, gündogar Ukraina iberjekdigini aýtdy.

Emma bir günbatar resmisi, adynyň aýdylmazlygy şerti bilen, aňtaw gulluklarynyň hasaplamalaryna görä, Russiýanyň söweşde ysgyndan gaçan goşunlarynyň gündogar Ukrainada gaýtadan jemlenmegi hem-de hüjüme geçmegi üçin bir aý çemesi wagtyň gerek boljakdygyny aýtdy.

BMG-niň Baş Assambleýasy 7-nji aprelde Russiýany BMG-niň Adam hukuklary geňeşinden çetleşdirmek üçin ses berer. Birleşen Ştatlar we onuň günbatar ýaranlary bolsa, Kremli uruş jenaýatlarynda aýyplap, asuda adamlaryň köpçülikleýin öldürilmegi sebäpli täze sanksiýalar toplumyny girizýär.

ABŞ, Kiýewiň daşyndaky wagşyçylyklara jogap hökmünde, 6-njy aprelde Putiniň iki gyzyna garşy sanksiýalary yglan etdi we Russiýanyň banklaryna garşy ulanýan jeza çärelerini güýçlendirýändigini aýtdy.

Angliýa bolsa, öz gezeginde Russiýa ýatyrylyp biljek maýa goýumlaryny gadagan etdi we ýylyň ahyryna çenli rus kömrüne we nebitine garaşlylygyny bes etmek wadasyny berdi.

Russiýa bilen aradaky kadaly söwda gatnaşyklaryny kesmek we prezident Jo Baýdeniň rus nebitiniň importyny gadagan edýän ýerine ýetiriş çäresini kodlaşdyrmak üçin, ABŞ Senaty 7-nji aprelde degişli kanuny kabul etmegi meýilleşdirýär.

Söwda gatnaşyklarynyň togtadylmagy Baýdeniň Russiýanyň käbir importlaryna has ýokary nyrh kesmegine mümkinçilik berer.

XS
SM
MD
LG