Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň ýokary derejeli resmileri Zelenski bilen görüşmek üçin Kiýewe barýar


Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen we Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli diplomaty Josep Borrell
Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen we Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli diplomaty Josep Borrell

Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli resmileri 8-nji aprelde prezident Wolodymyr Zelenski bilen gepleşmek üçin Ukrainanyň paýtagty Kiýewe sapar edýär. Rus güýçleriniň Buçada eden adam zaýaçylyklary hepdäniň başynda mälim bolandan soň, bu günbatar liderleriniň Ukriana edýän ilkinji sapary bolar.

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen we Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli diplomaty Josep Borrell, Slowakivanyň premýer-ministri Eduard Heger dagy Kiýewe geldi.

Heger twiterde Zelenski we onuň hökümeti üçin söwda hem-de gumanitar kömek teklipleri bilen gelendiklerini aýtdy.

Russiýanyň başlan urşy sebäpli Ukrainanyň üstündäki howa giňişligi ýapyldy. Polşanyň, Sloweniýanyň we Çehiýanyň premýer-ministrleri mart aýynyň ortalarynda Kiýewe otly bilen geldiler. Geçen hepde bolsa Kiýewe Ýewropa Parlamentiniň başlygy Roberta Metsola sapar etdi.

Günbatar ýurtlary, Kiýewiň demirgazygyndaky Buçanyň köçelerinde parahat ilatyň jezalandyrylyp öldürilmegi halkara derejesinde ýazgarylandan soň, Russiýa garşy girizen sanksiýalaryny güýçlendirdiler. Ýerli resmileriň tassyklmagyna görä, Buçada rus güýçleri tarapyndan 300-den gowrak adam öldürildi we olaryň 50-ä golaýy jezalandyrylyp öldürildi.

Moskwa bu aýyplamalary ret edýär. Zelenski 7-nji aprel güni giçlik Kiýewiň demirgazyk-günbataryndaky başga bir şäherde, rus güýçlerinden halas edilen Borodýankada bolan zatlaryň Buçadakydan hem aýylgançdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG