Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenlerde pir hasaplanýan mifiki we taryhy şahslar (1-nji bölüm)


Türkmenleriň arasynda zyýarat edilýän keramatly öwülýäleriň biri bolan Parawbibiniň aramgähi. Serdar şäheri. Balkan welaýaty.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen halk yrymlarynyň mümkin bolan gözbaşyny öwrenýär, halk arasynda pir hasaplanýan gadymy şahslary agzaýar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi “halk yrymlaryny” Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizýär.

Türkmen edebiýatçylary halk yrymlaryny halk döredijiliginiň bir bölegi hasaplaýar.

Halk arasynda gara pişik ýolda barýan adamyň öňüni kesip geçse, betbagtlyga uçralýar; käsedäki çaýda çöp çommalsa, myhman gelýär; çep aýaň gijese, girdeji; sag aýaň gijese, çykdajy ýaly bir topar yrymlar bar.

Galyberse-de, türkmenleriň arasynda giň ýaýran halk yrymlaryna görä, ilat arasynda dürli ugurlar boýunça pirlere çokunylýar, olardan medet dilenýär.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen halk yrymlarynyň mümkin bolan gözbaşyny öwrenýär.

Gepleşigimize Pragadan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally gatnaşdy.

Türkmenlerde pir hasaplanýan mifiki we taryhy şahslar (1-nji bölüm)
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG