Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus hüjümleriniň artmagy bilen, Luhanskyň häkimi has köp adamyň ewakuasiýa edilmelidigini aýtdy


7-nji aprelde Luhansk sebitiniň Sewerodonetsk şäherinden ewakuasiýa edilmäge kömek edilýän zenan.
7-nji aprelde Luhansk sebitiniň Sewerodonetsk şäherinden ewakuasiýa edilmäge kömek edilýän zenan.

Soňky günlerde ok atyşygyň artmagy we has köp rus goşunynyň gelmegi bilen, Ukrainanyň gündogaryndaky Luhansk sebitinden has köp adamyň ewakuasiýa edilmegine zerurlyk bar diýip, Luhansk welaýatynyň häkimi Serhiý Haýdaý 9-njy aprelde aýtdy.

Ol sebitdäki şäherlerde we obalarda ýaşaýjylaryň takmynan 30 göteriminiň heniz-de ýaşaýandygyny we olaryň ewakuasiýa edilmegi haýyş edendigini hem belledi.

"Olar (Russiýa) hüjüm üçin güýç ýygnaýarlar we biz [atylýan] oklaryň sanynyň köpelendigini görýäris" diýip, Haýdaý ukrain telewideniýesine beren maglumatynda aýtdy.

Ukraina, paýtagt Kiýewiň demirgazygyndaky sebitlerden rus goşunlary çykarylandan soň, Russiýanyň ýurduň gündogarynda we günortasynda güýçli hüjümleri meýilleşdirýändigini yzygiderli duýdurýar.

Russiýa öz ünsüni Donbas sebitindäki deňiz güýçleri tarapyndan atylýan ganatly raketalary hem öz içine alýan hüjümine gönükdirdi diýip, britan Goranmak ministrliginiň 9-njy aprelde ýaýradan gündelik brifinginde aýdylýar.

Ukrain resmileri soňky günlerde sebite has köp rus goşunyň gelmegi bilen, atyşyklaryň köpelendigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG