Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa demokratiýa tarapdar toparlaryň registrasiýasyny ýatyrdy


"Human Rights Watch" guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň müdiriniň orunbasary Reýçel Denber.
"Human Rights Watch" guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň müdiriniň orunbasary Reýçel Denber.

Russiýa 15 sany daşary ýurt guramasynyň, şol sanda "Amnesty International" we "Human Rights Watch" (HRW) guramalarynyň registrasiýasyny ýatyrdy.

Bu baradaky habar, Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşunyň 44-nji güni yglan edildi. Bu uruş häzire çenli müňlerçe adamyň ölmegine we 11 milliondan gowrak adamyň öýlerinde göçürilmegine, şeýle-de Ikinji jahan urşundan bäri Ýewropada iň agyr bosgun krizisine sebäp boldy.

"Human Rights Watch" guramasy Russiýada 30 ýyl bäri işleýärdi. Şol bir wagtda, "Amnesty International" guramasy bu ýurtda 1993-nji ýyldan bäri hereket edýärdi.

Olar "Russiýa Federasiýasynyň häzirki kanunçylygynyň bozulmagy" sebäpli, başga-da 13 sany daşary ýurt jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde, Russiýada hasaba alnan halkara guramalaryň sanawyndan çykaryldy diýip, Adalat ministrliginiň beýanatynda bellenilýär.

"Human Rights Watch" guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň müdiriniň orunbasary Reýçel Denber bu çäräniň guramanyň Russiýanyň Ukrainadaky hüjümi baradaky habaryna jogap hökmünde kabul edilendigine şübhelenmeýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG